Dynç almak üçin iň arzan şäherler

Syýahatçylyga degişli habarlary we seljermeleri taýýarlaýan “money.co” saýty iň arzan dynç alyş şäherleriniň sanawyny düzdi.Sanaw düzülende, syýahatçylaryň barýan binalarynyň peteginiň bahalary, restoranda naharlanmak, bir gije ýatmak üçin ýer, şäheriçi gatnaw, bank hyzmatlary, dynç alyş mümkinçilikleri, ätiýaçlandyryş ýaly hyzmatlaryň bahasy deňeşdirilipdir.

Sanawda Stambul Ýewropada iň arzan şäher saýlanypdyr. Şäherde bir gün gezelenç etmek üçin 68 funt sterling gerek.Ikinji ýeri Gresiýanyň Saloniki, üçünji ýeri, Germaniýanyň paýtagty Berlin eýeläpdir.Sanawda degişlilikde, Portugaliýanyň Porto, Italiýanyň Napoli, Gresiýanyň Afiny, Ispaniýanyň Walensiýa, Italiýanyň Bologniýa, Portugaliýanyň Lissabon we Belgiýanyň Antwerpen şäherleri bar.

Kemaleddin Joraýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

16 duşuşyk 48 gol
Portugaliýadaky tokaý ýangynlary dowam edýär
“Bawariýa”, “Barselona”, “Inter” bir toparçada UEFA Çempionlar Ligasynyň bijeleri çekildi
Liwerpul UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna ýakynlaşdy
UEFA ÇL: 1/8 final tapgyrynyň nobatdaky aýgytly duşuşyklary geçiriler
Çempionlar ligasy: PSŽ Realy, ManSiti Sportingi ýeňdi