30-njy çempionlyk

Portugaliýanyň çempionaty “Premeira Ligada” “Porto” topary möwsümiň tamamlanmagyna 1 tapgyr galanda çempionlygyny yglan etdi. 33-nji tapgyrda esasy bäsdeşi “Benfika” bilen duşuşan “Porto” garşydaşyny Zadýu Sanusiniň 90+4-nji minutda geçiren goly esasynda 1-0 ýeňdi.

Bu ýeňişden soň 2-nji ýerdäki “Sporting” bilen 6 utuk aratapawudyny saklamagy başaran “Porto” 30-njy çempionlygyny baýram etdi. 33-nji tapgyrda geçen ýylyň çempiony Sporting” myhmançylykda “Portimonensony 3-2 ýeňdi.

Portugaliýada iň köp çempionlyk gazanan topar “Benfika” bolup, Lissabon şäheriniň wekiliniň 37 çempionlygy bar. :Porto” 30 çempionlyk bilen 2-nji, 19 gezek çempion bolan “Sporting” 3-nji ýeri eýeleýär.

Ýene degişli makalalar

“Bawariýa”, “Barselona”, “Inter” bir toparçada UEFA Çempionlar Ligasynyň bijeleri çekildi
16 duşuşyk 48 gol
Portugaliýadaky tokaý ýangynlary dowam edýär
UEFA ÇL: 1/8 final tapgyrynyň nobatdaky aýgytly duşuşyklary geçiriler
UEFA Çempionlar ligasynyň 6-njy hepdesinde 6 duşuşyk geçirildi
Çempionlar ligasy: PSŽ Realy, ManSiti Sportingi ýeňdi