Syýahatçylar üçin baha-hil gatnaşygy boýunça Ýewropa şäherleriniň reýtingi düzüldi

Syýahatçylar üçin baha-hil gatnaşygy boýunça Ýewropa şäherleriniň reýtingi düzüldi

Syýahatçylar tarapyndan baha-hil gatnaşygy boýunça iň gowy diýlip hasaplanýan Ýewropa şäherleriniň reýtinginde birinji orny Horwatiýanyň Zagreb şäheri eýeledi. Şeýle statistikany syýahatçylar üçin serwis Mabrian hödürleýär diýip, www.tourprom.ru belleýär.

Horwatiýanyň paýtagty Rim, Barselona, Amsterdam we Pariž ýaly güýçli bäsdeşlerden öňe geçdi.Reýting üç görkezijini göz öňünde tutýar: howa gatnawynyň mukdary we hili, myhmanhanalar üçin ortaça baha we syýahatçylaryň kanagatlanma derejesi. Şeýlelikde, 2022-nji ýylyň iýun aýynda iň gowy baha-hil gatnaşygy Zagreb şäherinde boldy.

Horwatiýanyň paýtagty deňze çykmaýar hem-de howa gatnawy taýdan iň soňky ýurtlardan biridir. Şeýle-de bolsa, syýahatçylar ýokary kanagatlanma derejesini görkezdiler.Zagreb beýleki ugurlar bilen deňeşdirilende, ýaşamak üçin bäsdeşlige ukyply bahany hödürleýär.

Ikinji orunda Afina ýerleşdi ol myhmanhanalar üçin bahalaryň ýokary we syýahatçylaryň kanagatlanma derejesiniň pes bolmagy sebäpli Zagrebden yza galdy. Üçünji orny Sloweniýanyň paýtagty Lýublýana eýeleýär.Ol myhmanhanalar üçin has bäsdeşlige ukyply, ýagny pes bahalar bilen tapawutlanýar.

Howa gatnawynyň çäkliligi sebäpli bolsa, ol üçünji orunda ýerleşdi.

Ýewropanyň iň gowy syýahatçylyk ugurlarynyň doly sanawynda ýene 11 şäher bar. Reýtingiň liderleri şeýle görnüşde ýerleşýär:

1. Zagreb (Horwatiýa); 2. Afina (Gresiýa); 3. Lýublýana (Sloweniýa); 4. Rim (Italiýa); 5. Wena (Awstriýa); 6. Lissabon (Portugaliýa); 7. Madrid (Ispaniýa); 8. Milan (Italiýa); 9. Dubrownik (Horwatiýa); 10. Berlin (Germaniýa); 11. Amsterdam (Niderlandlar); 12. Pariž (Fransiýa); 13. Barselona (Ispaniýa); 14. London (Beýik Britaniýa).

Ýene degişli makalalar

Bu gezek ýeňiş gazanmak başartmady
“Ferenswaroşyň” garaşylmadyk ýeňlişi we Çerçesow wezipesinden boşadyldy
Öňünden çykany ýeňýär
“Aris” BATE-ni derbi-dagyn etdi
“Bawariýa”, “Barselona”, “Inter” bir toparçada UEFA Çempionlar Ligasynyň bijeleri çekildi
Ýewraziýa Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar