Horwatiýada başlangyç synp mekdebinde pyçakly hüjüm guraldy

Horwatiýada başlangyç synp mekdebinde pyçakly hüjüm guraldy

Zagreb şäheriniň Polisiýa gullugyndan berilen beýanatda, ýurduň paýtagty Zagreb şäherindäki Preko başlangyç synp mekdebinde şu gün irden şahsyýeti entek anyklanyp bilinmedik bir adam, pyçak bilen mugallymlara we okuwçylara hüjüm gurandygy habar berildi.

Saglygy goraýyş ministri Irena Hrstiç hüjümde 7 ýaşyndaky bir çaganyň wakanyň bolan ýerinde ýogalandygyny, 1 okuwçy bilen 5 okuwçynyň bolsa ýaralanandygyny aýan etdi.

Ýaralanan adamlaryň hassahanalarda bejergi astyna alynandygyny aýdan Irena Hrstiç okuwçylaryň janlarynyň howp astynda bolmandygyny mälim etdi.

Ýaralanan mugallymyň bolsa saglyk ýagdaýynyň agyrdygy beýan edildi.

Elindäki pyçak bilen özüne hem zeper ýetirendigi aýdylýan hüjümçiniň polisiýa gullugynyň gözegçiligindedigi habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
Türkmenistan Halkara atom energiýasy agentligi bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürýär
UEFA Çempionlar Ligasynda 3-nji saýlama tapgyryň 1-nji duşuşyklary geçirildi.
PSŽ “Ýuwentus”, Çempionlar Ligasynyň täze möwsümi başlanýar
Şu gün Ýewropada Çempionlar ligasyna badalga berler
“Çelsiniň” garaşylmadyk ýeňlişi, Mbappe Messiden öňe geçdi