300-nji goly

Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da 22 tapgyrdan soň sanawyň lideri üýtgedi. “Milanyň” myhmançylykda “Spesiýadan” 2-0 utulmagyndan soň, “Lasiony” öz meýdançasynda 3-1 ýeňen “Inter” sanawyň birinji ornuna geçdi. “Intere” ýeňiş getiren gollaryň 2-sini Romelu Lukaku (22 p, 45) hem-de onuň pasyndan soň Lautara Martines (64) derwezä girizdi. Şeýlelikde, “Inter” utugyny 50-ä çykaryp, birinji orna geçdi we Milan derbisinden ozal moral taýdan ýokary ruhy belentlige eýe boldy.

Duşuşykda 2 gezek tapawutlanan Lukakunyň karýerasyndaky gollarynyň sany 300-e ýetdi.

Italiýanyň çempionatynda soňky çempion “Ýuwentus” hem myhmançylykda “Napoliden” 1-0 utulyp, çempionlyk ugrunda uly ýitgä sezewar boldy.

The post 300-nji goly appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

“Interden” “Milana” jogapsyz 3 gol
Dünýäniň iň gowy futbolçysy üçin “Altyn topa” 30 dalaşgäriň sanawy belli edildi
“Serie A”-da öňdebaryjy toparlaryň iň kiçi hasaply ýeňişleri
“Serie A”-da liderlik gezegi “Milanda”
Kembek eden “Milan” birinjiligini saklamagy başardy
“Inter” ýyly lider tamamlar