31-nji dekabrda täze mikroawtobuslar aşgabatlylary baş arça daşar

Aşgabadyň awtoulag kärhanasy paýtagtda 2017-nji ýylda Ýaponiýada öndürilen Toyota Hiace markaly mikroawtobuslaryň 20-ni ulanyşa girizdi. Her awtobus 14 ýolagça niýetlenen.

“Türkmenistan: Altyn asyr” saýtynyň maglumatyna görä, mikroawtobuslar her günde Aşgabadyň etegindäki Änew şäherçesinde öwrüm eder.

Hepdäniň üçünji, dördünji we dynç alyş günleri “Altyn asyr” bazaryna barýan şäherlilere hyzmat eder.Baýramçylyk günleri 31-nji dekabrda we 1-nji ýanwarda nobatçy awtobuslar isleg bildirýän ýaşaýjylary “Älem” medeni-dynç alyş merkezindäki baş arça äkider.

Ýene degişli makalalar

Awtomobil ulag hyzmaty AGPJ taksi we mikroawtobuslar üçin sürüjileri işe kabul edýär
Türkmenabat: pagta möwsüminde ýatyrylan awtobus ugurlary heniz-de dikeldilmedi
Balkanda bolan ýol hadysalarynda iki adam öldi we başga-da azyndan 18 sanysy ýaralandy
04.08.2017 | Türkmen paýtagtynyň jemgyýetçilik ulagynyň binýady täzelenýär
Türkmen paýtagtynyň jemgyýetçilik ulagynyň binýady täzelenýär