Awtomobil ulag hyzmaty AGPJ taksi we mikroawtobuslar üçin sürüjileri işe kabul edýär

Awtomobil ulag hyzmaty AGPJ taksi we mikroawtobuslar üçin sürüjileri işe kabul edýär

Türkmenistanyň iri ulag kompaniýasy Awtomobil ulag hyzmaty AGPJ takside we mikroawtobuslarda işlemek üçin sürüjileri işe kabul edýändigini yglan edýär. Kompaniýa Toyota Corolla, Toyota Coaster we Toyota Hiace ulaglarynda sürüji bolup işlemekligi hödürleýär.

Taksi sürüjisi wezipesine dalaşgärlerden B we C derejeli sürüjilik şahadatnamasy, şeýle hem ýeňil ulagy sürmekde iş tejribesiniň bolmagy talap edilýär. Mikroawtobuslarda işlemek isleýänler üçin D derejeli sürüjilik şahadatnamasy we degişli sürüjilik iş tejribesiniň bolmagy zerurdyr.

Işgärleri kabul etmekden başga-da, kompaniýa awtobuslardan, mikroawtobuslardan we ýeňil taksilerden ybarat bolan döwrebap awtoulag toplumynyň ulaglaryny sagatlaýyn kärendesine bermek hyzmatlaryny hem hödürleýär. Bu hyzmat ýuridiki şahslara, kärhanalara we hususy müşderilere elýeterlidir.

Bu ulaglarda işlemeklige gyzyklanma bildirýän dalaşgärler şu salgy boýunça ýüz tutup bilerler: Aşgabat şäheri, Çoganly ýaşaýyş toplumy, Atamyrat Nyýazow şaýoly 422, Halkara awtomenzili.

Goşmaça maglumatlary almak üçin şu telefon belgilerine jaň edip, habarlaşyp bolar: 44-35-38, 44-35-20 ýa-da +99361493495

Ýene degişli makalalar

Awtomobil ulag hyzmaty AGPJ awtobus sürüjileri üçin boş iş orunlaryny yglan edýär
Aşgabatda awtobus sürüjileri işe çagyrýar
Aşgabatda awtobus sürüjileri işe çagyrylýar
Türkmenistanda gurlan ilkinji ýük gämisi deňiz suwuna düşürildi
Azyk önümlerini öndürýän AGPJ-leriň birnäçesini Azyk senagaty döwlet birleşiginiň garamagyna bermek teklip edildi
Demirýollary AGPJ halkara ýükleriň üstaşyr geçiriliş wagtyny gysgaltdy