Maksat-deri AGPJ-niň ýokary hilli gön önümlerine barha isleg artýar

Maksat-deri AGPJ-niň ýokary hilli gön önümlerine barha isleg artýar

Türkmenistanda gön önümlerini çig mal hökmünde müşderilere ýetirýän iri kärhanalaryň biri bolan Maksat-deri açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň gön önümlerine günsaýyn isleg ýokarlanýar. Muny kärhananyň önümçiliginiň geriminiň giňelýändigi, müşderileriň sanynyň barha artýandygy hem aýdyň görkezýär.

Mary welaýatynyň Mary etrabynda ýerleşýän Maksat-deri AGPJ-niň önümçilik kärhanasynda iri we ownuk şahly mallaryň derisi gaýtadan işlenilip, olardan ýokary hilli, tebigy, dürli reňkdäki we galyňlykdaky gön önümleri taýýarlanylýar. Kärhananyň önüm görnüşlerine aýakgap üsti we içlik üçin gönler, gaýyş gönler we beýleki gön önümleri degişlidir.

Bu ugurdaky önümçiligi 1997-nji ýylda ýola goýan kärhanada Ýewropanyň öňdebaryjy öndürijileriniň tehnologik enjamlaryndan hem-de döwrebap gön önümçilik usullaryndan peýdalanylýar. Kärhananyň taslama kuwwatlylygy her aýda 160 tonna derini gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär. Bu ýerde 110 sany tejribeli işçi-hünärmenler zähmet çekýär.

Maksat-deri AGPJ-niň esasy maksady içerki hem-de daşary ýurtly isleg bildirýän taraplary ýokary hilli we ekologik taýdan arassa bolan gön çig maly bilen netijeli üpjün etmekden, şeýle-de bu ugurda hyzmatdaşlygy has-da ýygjamlaşdyrmakdan ybarat.

Häzirki wagtda Maksat-deri kärhanasynda öndürilýän gön önümleri ýurtda aýakgap önümçiliginde ilkinjileriň biri bolan Röwşen hususy kärhanasynda aýakgaplaryň önümçiliginde çig mal hökmünde peýdalanylýar. Mundan başga-da, ýurduň çäginde we daşary ýurtlarda bu gön çig malyny satyn almaga isleg ýokary. Gön önümleriniň Türkiýe we Italiýa ýaly ýurtlara eksport edilýändigi, olar tarapyndan berilýän ýokary baha önümleriň hiline kepil geçýär.

Maksat-deri AGPJ gön önümlerine isleg bildirýän müşderileri hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýar.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Aşgabat we Bişkek elektrik energiýasyny ibermegiň möhletini uzaltmak meselesini ara alyp maslahatlaşdy
2023-nji ýylda Russiýa iberiljek türkmen gazynyň garaşylýan möçberi yglan edildi
Işewürlik-daýjest: 7 13-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady habarlary
Işewürlik-daýjest: 21 27-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady täzelikleri
Diýarymyz bagy-bossanlyga öwrülýär
FESCO (RF) we Özbegistan Türkmenistanyň çäginden geçýän üstaşyr ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk ederler