32 oýundan soň tamamlandy

NBA-da “Hýuston Rokets” bilen “Atlanta Hawksyň” arasyndaky oýunda ýer eýeleriniň super ýyldyzy Jeýms Harden toparynyň ýeňşine 20 utuklyk goşant goşdy (119—111). Şunlukda, Hardeniň 32 oýundan bäri dowam etdirip gelýän 30 we ondan köp utuk gazanmak däbi soňlandy.

Bu ugurda rekord basketbolyň ägirdi Wilt Çemberleýne degişli bolup, ol yzly-yzyna 65 duşuşykda 30 we ondan köp utuk toplapdy.Harden şol 32 duşuşykda ortaça 41,1 utuklyk netije bilen çykyş etdi.

Ýene degişli makalalar

NBA-da ilkinji gezek
Taryhdaky iň gymmat şertnama
SUPER ÝYLDYZ KRIS POL “HÝUSTON ROKETSDE”
“NBA All Star” şüweleňi
Sportuň taryhynda şu gün 26-njy awgust
LeBron we onuň ýoldaşlary