397 ýyldan soňra şu gün gije “duşuşarlar”

Ýupiter we Saturn planetalary şu gün gije bir sany ýyldyz ýaly bolup görner.Astronomlar bu täsin tebigy hadysany “ajaýyp duşuşyk” diýip atlandyrýarlar.Uly bölegi gazdan we daş böleklerinden emele gelen bu iki planeta aslynda her 20 ýyldan bir gezek bir-birlerine golaýlaşýarlar.

Emma bu gezekki ýakynlaşma ozalky ýyllardakydan has tapawutly bolar.Mundan ozal şeýle hadysa 1623-nji ýylyň 16-njy iýulynda bolup geçipdir.Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň astronomy Mihael Braun metbugata beren beýanatynda Ýupiteriň Günüň daşyndaky aýlawyny 12 ýylda, Saturnyň 30 ýyl töweregi wagtda tamamlaýandygyny, iki planetanyň aýlawynyň başgaça egiklikdäki orbitalarda hereket edýändigi sebäpli olaryň şeýle derejede ýakynlaşmagyny has seýrek bolýandygyny mälim etdi.

Astronom 1623-nji ýyldaky “duşuşygyň” planetalaryň şol döwür Güne has ýakyn bolandygy üçin Ýerden görüp bolmandygyny belleýär.Braunyň aýtmagyna görä, Ýerden göz bilen görüp boljak derejedäki “duşuşyk” 1226-nji ýylyň mart aýynda bolup geçipdir.

ABŞ-nyň Aerokosmos edarasy (NASA) demirgazyk ýarym şarda iň gysga gün bolan 21-nji dekabrda bu iki planetanyň göz bilen görüp boljakdygyny mälim etdi.

NASA-nyň resmi saýtynda Gün batandan bir sagat çemesi soňra Asmanyň günorta-günbatarynda bu tebigy hadysany görüp boljakdygy mälim edilýär. Ýupiter ýagty ýyldyz ýaly, Saturn bolsa, Ýupiterden sähel öçügsi we onuň çep tarapynda, ýokarda (ortadaky suratdaky ýaly) görner.

The post 397 ýyldan soňra şu gün gije “duşuşarlar” appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Halkara birlikler ulgamyna täze belgiler girizildi
NASA başga planetalylar üçin niýetlenen nyşanyň dizaýnyny tanyş etdi
13-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
“Galileo” emeli hemrasy Ýupiteriň orbitasyna baryp ýetdi
4-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Gün hereket edýärmi