Halkara birlikler ulgamyna täze belgiler girizildi

Halkara birlikler ulgamyna täze belgiler girizildi

Halkara birlikler ulgamyna täze aňlatmalar (prefiksler—sözüň öňünden goşulýan goşulma) girizildi, olar dünýäde iň kiçi we iň uly ölçegleri aňlatmak üçin ulanylar. Ulgamdaky täzelenme soňky 30 ýylda ilkinji gezek geçirilýär diýip, MIR 24 ýazýar.

Täze prefiksleri girizmek zerurlygy maglumatlaryň möçberiniň yzygiderli artýandygy bilen baglydyr, şeýlelikde, alymlaryň halkara topary ronna we kwetta sözöňi goşulmalaryny iň uly sanlary, ronto we kekto sözöňi goşulmalaryny iň kiçi sanlary aňlatmak üçin girizdiler.

Karar Parižde geçen Ölçeg we agram birlikleri boýunça 27-nji Baş konferensiýada kabul edildi, oňa dünýäniň ähli hökümetleriniň wekilleridir alymlar gatnaşdy, maslahata her dört ýyldan ýygnanylýar.

1991-nji ýylda Halkara ulgama zetta we ýotta prefiksleri girizildi (ýottametr— yzyndan 24 sany nol belgisi gelýän birlik). Emma häzir, hünärmenleriň sözlerine görä, hatda şeýle birlikler hem ýeterlik däldir.

Ronnagram yzyndan 27 sany nol gelýän ölçeg birligini aňladýar, alymlar Ýeriň takmynan 6 ronnagrama deňdigini aýdýarlar.

Kwettagram yzy 30 nolly birlik, Ýupiter planetasynyň agramy iki kwettagram töweregidir. Alymlar R we Q harplarynyň beýleki nyşanlar babatda ulanylmadyk aňlatmalardygyny aýdýarlar, şonuň üçin olar täze prefisklerde peýdalanyldy. Belgileriň doly nusgasy grek we latyn dillerine esaslanýar.

Täze prefiksler ulgamyň geljegini üpjün etmelidir we öňdäki 25-30 ýylyň dowamynda dünýäniň has uly sanlara mätäçligini kanagatlandyrmalydyr diýip, Beýik Britaniýanyň Milli fiziki laboratoriýasynyň metrologiýa bölüminiň başlygy Riçard Braun aýdýar.

Ýene degişli makalalar

397 ýyldan soňra şu gün gije “duşuşarlar”
Täze ölçeg birlikleri tanyşdyryldy
Bütindünýä elektron kitaplar güni
Ilkinji kosmos myhmanhanasy açylar
Sportuň taryhynda şu gün
Iň köp gol geçiren goragçylar