4 astronawt yzyna geldi

Halkara kosmos bekedinde iş alyp barýan 4 astronawt “SpaceX” kompaniýasynyň kapsulasy bilen Ýere geldi.Bu gonuş gije amala aşyryldy. Şeýlelikde, 45 ýyldan soňra astronawtlar gijesine Ýere geldiler.

Amerikaly astronawtlar Maýkl Hopkins, Wiktor Glower we Şannon Wolker hem-de ýaponiýaly Soiçi Noguçi 167 günläp kosmos bekedinde bolupdylar. “SpaceX”-iň “Dragon” atly kapsulasy 6,5 sagat ýol ýöränden soňra ABŞ-nyň Florida ştatynyň kenarýakasyna, deňizdäki ýörite platforma gondy.

NASA 28-nji aprelde 4 astronawty Ýere getirjek “Crew Dragon” gämisiniň amatsyz howa şertleri zerarly yza süýşürilendigini mälim edipdi.

Adatça, kosmosa adamly uçuşlar we gonuşlar gündizine amala aşyrylýar. Emma örän seýrek ýagdaýda gijesine hem uçuş-gonuş bolýar. Mundan ozalky gijeki gonuş 1976-njy ýylda “Soyuz 23” missiýasy bilen kosmosa iberilen sowet kosmonawtlar Ýere gije gonupdylar.

Şeýle hem 1968-nji ýylyň 27-nji dekabrynda “Apollo 8” missiýasynyň çäklerinde Ýuwaş ummanyndaky platforma kosmos gämisi gondurylypdy. Şondan bäri kosmonawtly gämi deňiz platformasyna gondurylmandy.

23-nji aprelde “SpaceX” 4 astronawty NASA-dan Şeýn Kimbro hem-de Ketrin Megan MakArtur (zenan), Fransiýaly Toma Piske, ýaponiýaly Akihiko Hoside Halkara kosmos bekedine äkidipdi. Şeýlelikde ol ýerdäki astronawtlaryň sany ona ýetipdi.

Dört astronawtyň yzyna gaýtmagy bilen bketde alty astronawt galdy.Adatça, Halkara kosmos bekedinde jemi 6 kosmonawt bolýar.Olaryň üçüsi bekediň Russiýa degişli, beýleki üçüsi NASA degişli böleginde bolýar.

Bekediň NASA degişli bölegi ABŞ bilen bir hatarda Kanada, Ýaponiýa we Ýewropa ýurtlarynyň kosmos agentlikleri bilen bilelikde peýdalanylýar.

The post 4 astronawt yzyna geldi appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

“SpaceX” kapsulasy HKS-a birikdirildi
“SpaceX” operasiýa maksatly ilkinji astronawtlaryny uçurdy
Kosmosa çykan ilkinji arabystanly zenan
SPACEX HKS-e halkara toparyny ýollady
371 günden soň kosmosdan gaýdyp geldi
85 günde rekord goýdular