371 günden soň kosmosdan gaýdyp geldi

NASA 371 gün Halkara kosmos bekedinde bolup, amerikan astronawtlarynyň arasynda rekord goýan Frank Rubionyň Ýere gaýdyp gelendigini mälim etdi.Rubio geçen ýylyň 21-nji sentýabrynda Halkara kosmos bekedine gidipdi.

Ilkibaşda onuň kosmosdaky wezipe möhleti alty aý diýlip kesgitlenipdi.Emma dekabr aýynda olary yzyna alyp gaýtmaly “Soýuz MS-22” kosmos gämisinde tehniki näsazlyk ýüze çykdy. Şeýlelikde kosmos gämisi yzyna boş gaýtmaly boldy.

NASA bolsa, rus we amerikan ekipažy Ýere getirmek üçin başga kosmos gämisini ugratjakdygyny mälim edipdi. Şeýlelikde, Rubio Halkara kosmos bekedinde şu wagta çenli galmaly boldy.

NASA Rubionyň yzyna getirilmegi üçin “SpaceX” kompaniýasynyň “Crew Dragon” kosmos gämisini ulanmak kararyna geldi. Birneme uzaga çeken taýýarlykdan soňra “Crew Dragon” gämisi kosmos bekedine iberildi. Bu bolsa Rubio üçin rekord getirdi.

Rubio kosmosda geçiren wagtynda Ýeriň daşyndan 5 müň 936 gezek aýlanyp, jemi 157 million 412 müň 306 mil ýol geçdi. Şeýle hem onuň kosmos bekedinde bolan wagty 15 kosmos gämisi ol ýere baryp gaýtdy.

13-nji sentýabrda Rubionyň iň köp wagt kosmosda bolan amerikan astronawty rekordyny täzeländigi mälim edilipdi.

Ýeri gelende bellesek, kosmos giňişliginde uzak wagtlap bolmak rekordy russiýaly kosmonawt Waleriý Polýakowa degişli. Ol 1994-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda 1995-nji ýylyň 22-nji martyna çenli 437 günläp, “Mir” kosmos bekedinde bolup, rekord goýupdy. 30 ýyla golaý wagt geçendigine garamazdan häzire çenli bu rekord täzelenmedi.

Ýene degişli makalalar

Kosmosda iň uzak galan amerikan astronawty rekordy täzelendi
Rus kosmonawtlary amerikan gämisi bilen kosmosa uçarlar
Danilýans heniz Soçiden çakylyk almandygyny aýtdy
Gurban Berdiýew Traktoryň ýolbaşçylaryndan rugsat sorady
Türkmen howa ýollary ýanwar aýy üçin Aşgabatdan halkara gatnawlarynyň petek satuwyny ýola goýdy, Russiýa Türkmenistana 3600 sany Täze ýyl arçasyny iberdi, Aşgabat Alyýewiň we Ärdoganyň saparlaryna taýýarlanýar
64 ýyldan soň 2-nji gezek gatnaşýan Uelsiň ýygyndysy