Rus kosmonawtlary amerikan gämisi bilen kosmosa uçarlar

NASA bilen “Roscosmos” edaralary Halkara Kosmos Bekedine bilelikdäki uçuşlary amala aşyrmak üçin täze ylalaşyk gazandylar.Ylalaşygyň çäklerinde amerikan astronawtlary Russiýanyň “Soyuz” gämileri bilen halkara bekedine çykarlar, rus kosmonawtlary bolsa, ABŞ-nyň kosmos gämileri bilen kosmos bekedine çykarlar. Ýeri gelende bellesek, kosmosa uçuşlarda amerikan astronawtlary 10 ýyldan gowrak wagtdan bäri rus kosmos gämilerinden peýdalanýardy.

Soňky ýyllarda bolsa, ABŞ kosmosa uçuşlarda hususy kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk edip başlapdy.Bu bolsa ABŞ-nyň rus kosmos gämilerine bolan garaşlylygyny azaldypdy.Halkara kosmos bekedi ABŞ-nyň, Russiýanyň, Kanadanyň, Ýaponiýanyň we käbir Ýewropa ýurtlarynyň kosmos agentlikleri tarapyndan dürli ylmy maktsatlar üçin bilelikde dolandyrylýar. “Roscosmos”-yň metbugata beren beýanatynda täze ylalaşygyň kosmosyň parahatçylyk maksatly açyşyny aňsatlaşdyrjakdygy bellenildi.

Täze ylalaşygyň çäklerinde ilkinji uçuş şu ýylyň sentýabrynda amala aşyrar. Bu uçuşa amerikaly astronawt Frank Rubio bilen russiýaly kosmonawtlar Sergeý Prokopýew hem-de Dmitriý Petelin gatnaşar. Bu uçuş Gazagystandaky Baýkonur kosmodromyndan amala aşyrylar.

Floridadaky Kennedi adyndaky kosmodromdan amala aşyryljak uçuşa bolsa, russiýaly Anna Kikina bilen iki amerikan hem-de bir ýapon astronawty gatnaşar.

Ýene degişli makalalar

Kosmosda iň uzak galan amerikan astronawty rekordy täzelendi
371 günden soň kosmosdan gaýdyp geldi
Hytaýyň ilkinji raýat kosmonawty, orbitadaky adamlaryň sany rekord derejä ýetdi
Koreýa Ikinji Içaly Hemrasyny Uçurdy
Türkiýäniň Ilkinji Astronawtynyň Emeli Hemra Ýolagçylygy Başlady
Ilkinji türk astronawtynyň äleme uçjak senesi belli edildi