ABŞ-nyň Döwlet sekretary Markо Rubio 2026-njy ýylda Merkezi Aziýanyň bäş ýurduna sapar etmegi meýilleşdirýär. Bu barada Markо Rubio çarşenbe güni ABŞ-nyň Döwlet Departamentinde Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda geçirilen dabaraly kabul edişlikde aýtdy.
Marko Rubionyň aýtmagyna görä, sapar azyndan bir hepde dowam eder we sebitdäki hyzmatdaşlar bilen utgaşykly taýýarlyk işlerini talap eder. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet Departamenti habar berýär.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Markо Rubio häzirki döwürde alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ykdysady gatnaşyklar üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny nygtady.
Marko Rubionyň bellemegine görä, ABŞ täze innowasiýalary, amerikan işewürligini we önümlerini täze bazarlara çykarmaga gyzyklanma bildirýär. Merkezi Aziýa ýurtlary bolsa öz işçi güýjüni we tebigy baýlyklaryny ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de raýatlar üçin uzak möhletli mümkinçilikleri döretmek ugrunda peýdalanyp bilerler.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Markо Rubio ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläkde üstünlikli ösdüriljekdigine, degişli duşuşyklaryň we alnyp baryljak işleriň oňa mynasyp goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Waşingtondaky Kennedi adyndaky ýerine ýetiriş sungatlary merkezinde 6-njy noýabrda “C5+1” diplomatik formatynyň 10 ýyllygyna bagyşlanan işewürlik maslahaty geçiriler.