Lawrow bilen Rubio Ukraina krizi hakynda pikir alyşdy

Lawrow bilen Rubio Ukraina krizi hakynda pikir alyşdy

Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, Lawrow bilen Rubio, Filippiniň paýtagty Manilada geçirlen Günorta gündogar Aziýa ýurtlar bileleşigi ASEAN-nyň maslahatynyň çäginde duşuşdy. Duşuşykda Ukraina krizisi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Russiýanyň Daşary işler ministri Lawrow duşuşykda amerikaly kärdeşine Ukraina meselesinde maglumat berdi we Ukrainanyň hökümetine ýarag kömegini berip Russiýanyň strategiýa taýdan ýeňilmegini isleýan Ýewropaly ýurtlaryň alyp barýan durnuksyzlyk syýasatlarynyň kabul edilmesizdigini nygtady.

Russiýanyň meseläniň syýasy we diplomatiýa taýdan çözülmegine oňyn garaýandygyny aýdan Lawrow, ABŞ bilen Alýaska sammitinde gazanylan ylalaşyga goldaw berýändiklerini ýatlatdy.

Lawrow bilen Rubio sebitara we halkara meseleler bilen birlikde Aýlag sebitinde başdan geçirilýän soňky wakalar barada pikir alyşdy.

Özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi barada pikir alyşan Lawrow bilen Rubio, Russiýanyň we Amerikanyň diplomatik wekilhanalarynyň iş şertleriniň kadalaşdyrylmagy meslesini hem ara alyp maslahatlaşdy.

Lawrow bilen Rubio Roskosmos we NASA-nyň arasyndaky aragatnaşyga kanagatlanma bildirdi we iki ýurduň partlamentleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmelidigini nygtady.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Ukraina bilen çözgüdiň esasy nokatlarynda egilşik etmejekdigini aýdýar
ABŞ we Türkmenistan ýyllyk ikitaraplaýyn geňeşmelerini geçirdiler
Rus kosmonawtlary amerikan gämisi bilen kosmosa uçarlar
Kosmosa rus-amerikan uçuşy amala aşyryldy
Kosmosda iň uzak galan amerikan astronawty rekordy täzelendi
371 günden soň kosmosdan gaýdyp geldi