Kosmosda iň uzak galan amerikan astronawty rekordy täzelendi

Frank Rubio 366 günläp halkara kosmos bekedinde bolup, iň uzak wagtlap kosmosda bolan amerikaly boldy.NASA-nyň X jemgyýetçilik torundaky akkaundynda bellenilişine görä, mundan ozal Mark Wande Haýa degişli bolan 355 günlük rekordy täzeläpdir.

Rubionyň 27-nji sentýabrda Ýere dolanyp geljekdigi, şol senä çenli üznüksiz 371 günläp kosmosda boljakdygy mälim edildi.Geçen ýylyň 21-nji sentýabrynda Halkara kosmos bekedine giden Rubio ol ýerdäki wezipe möhleti tamamlananda, bir ýyldan köp wagtlap kosmosda bolan ilkinji amerikan astronawty adyna eýe bolar.

Kapsulanyň bozulmagy rekorda sebäp boldy

Mälim bolşy ýaly, Halkara kosmos bekedine NASA-nyň, şol sanda Russiýanyň kosmonawtlary şol bir kosmos gämisinde gidip-gelýär.Rubiony we onuň bilen bilelikde 2 rus kosmonawty 6 aýlyk möhlet bilen Russiýanyň “Soýuz” kapsulasy bilen uçurylypdy.

Emma olary yzyna alyp gaýtmaly “Soýuz MS-22” kosmos gämisinde tehniki näsazlygyň ýüze çykmagy bilen yzyna boş gaýdypdy.NASA bolsa, rus we amerikan ekipažy Ýere getirmek üçin kosmos gämisini ugratjakdygyny mälim edipdi. Şeýlelikde, Rubio Halkara kosmos bekedinde şu wagta çenli galmaly boldy.

Ýeri gelende bellesek, kosmos giňişliginde uzak wagtlap bolmak rekordy russiýaly kosmonawt Waleriý Polýakowa degişli. Ol 1994-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda 1995-nji ýylyň 22-nji martyna çenli 437 günläp, “Mir” kosmos bekedinde bolup, rekord goýupdy. 30 ýyla golaý wagt geçendigine garamazdan häzire çenli bu rekord täzelenmedi.

Ýene degişli makalalar

371 günden soň kosmosdan gaýdyp geldi
Rus kosmonawtlary amerikan gämisi bilen kosmosa uçarlar
Danilýans heniz Soçiden çakylyk almandygyny aýtdy
Gurban Berdiýew Traktoryň ýolbaşçylaryndan rugsat sorady
64 ýyldan soň 2-nji gezek gatnaşýan Uelsiň ýygyndysy
Gurban Berdiýew 70 ýaşyny tegeledi