Messiniň doganoglany toparyny ýokary liga çykardy

Braziliýanyň 3-nji ligasy “Serie C”-de çykyş edýän “Wila Nowa” kluby “Serie B” çykmagy başardy.Topar myhmançylykda “Ituano” toparyny Lionel Messiniň doganoglany Emanuel Biankuççiniň ýeke-täk goly bilen ýeňdi.

Oýnuň 71-nji minutynda meýdança giren 32 ýaşyndaky ýarymgoragçy 5 minutdan soň tapawutlanmagy başardy.Oýna gireninden soň sary kart alan Biankuççi goldan soň köýnekçesini çykaryp, 2-nji saryny hem aldy we meýdançadan çykaryldy.

Messiniň doganoglanynyň geçiren goly toparyna diňe bir ýeňiş getirmän eýsem, “Wila Nowa” klubuny ýokary liga “Serie B” hem çykaran gol boldy. Şeýle-de “Wila Nowa” topary “Serie C”-de finala çykmagy başardy.

Bu waka 17-nji ýanwarda bolup geçipdi. Ýagny Lionel Messiniň Ispaniýanyň Super Kubogy duşuşygynda “Atletik Bilbaodan” ýeňlip, oýnuň ahyrlarynda gyzyl kart alan güni.Başgaça aýdylanda, iki doganoglan hem şol gün gyzyl kart aldy.

Olaryň dünýä bellisiniň bu gezek toparyna kömegi degmedi, ýöne olaryň meşhurlygy juda az bolanynyň welin, kömegi diýseň uly boldy we toparyna uly üstünlik getirdi.

Lionel Messiden 1 ýaş kiçi bolan Emanuel Biankuççi 1988-nji ýylyň 28-nji iýulynda Rosarioda (Argentina) dünýä inýär.Edil Messi ýaly “Newell’s Old Boýz” klubunda futbola gadam basan Biankuççi “Münhen 1860” klubunyň ýaşlar düzüminde oýnaýar.

Italiýanyň “Žirona” toparyna goşulan Biankuççi doganoglany Messiniň tersine birnäçe klubuň köýnekçesini geýýär.Ol Paragwaýyň “Independiente Asunsion”, “Olimpiýa”, “Rubio Nýu”, “Jeneral Diaz”, Braziliýanyň “Bahia”, “Wasko da Gama”, “Seara” hem-de Perunyň “Melgar” ýaly Günorta Amerikanyň ululy-kiçili klublarynda çykyş edýär.

The post Messiniň doganoglany toparyny ýokary liga çykardy appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Transfer täzelikleri
Žoao Feliks öňki toparyny gynandyrdy
Sportuň taryhynda şu gün 23-nji iýul
Bu ýyl “Real Madrid” çempion bolmaz
Ramosyň täsin rekordy
Sport habarlary