“Bawariýa” öňküsi ýaly, “Real Madridden” şowsuz başlangyç

UEFA Çempionlar ligasynda düýnki oýnalan duşuşyklarda soňky

çempion Bawariýa öz meýdançasynda Atletiko Madridi 4-0 hasabynda ýeňdi. Münhenlilere ýeňiş getiren gollaryň 2-sini Koman, beýlekileri-de Goreska bilen Tolisso derwezä girizdi. Bawariýa topary Hans Flikiň tälimçiliginde 20-nji gezek 4 golly

ýeňiş gazandy. Şeýle-de toparyň derwezeçisi Manuel Noýer 200-nji gezek duşuşygyny goldan

goramagy başardy. Ol bu ugurda Sepp Maýerden öňe saýlanyp, Oliwer Kandan soň 2-nji hatarda barýar. Toparçanyň beýleki duşuşygynda-da 4 gol

geçirilip, Red Bull

Salsburg bilen

Lokomotiw Moskwa toparlary 1 utukdan paýlaşdylar.

“B” toparçada kubogyň

iň köp eýelän Real Madrid möwsüme

şowsuz başlady. Madridde

Şahtýor Doneski kabul eden Real 3-2 hasabynda asgyn

geldi. Eýýäm 1-nji ýarymda 12 minutyň içinde derwezesine 3 gol (Tete 29, Waran 33 ö.d., Solomon

42) goýberen Realyň 2-nji ýarymda eden tagallasy, geçiren 2 goly (Modriç 54, Winisius 59) ýeňşe ýetmedi. 90-njy minutdan soň,

Walwerdeniň geçiren golunda-da oýundan

daşardaky ýagdaý bolany üçin şol gol hasaba alynmady. Toparçadaky beýleki oýunda-da esasy faworit topara ýeňiş gazanmak başartmady.

Ýagny Inter öz meýdançasynda Borussiýa M toparyny kabul edip, soňky

minutlarda ýeňlişden halas boldy. Italýan toparynyň gollaryny Romelu Lukaku (49, 90), myhmanlaryň

gollaryny-da Bensebaini

(63 p) bilen Hofmann (85) derwezä girizdi.

“C” toparçada Mançester Siti öz meýdançasynda Portony 3-1 hasabynda ýeňdi. Gresiýanyň Olimpiakosy hem soňky minutda Ahmed Hassanyň ýeke-täk goly bilen Marselden 1-0 üstün çykdy.

“D” toparçada 54

ýyldan soň gabatlaşan Aýaks bilen Liwerpulyň arasyndaky bu duşuşykda iňlisler 1-0

hasabynda ýeňiş gazandy. Ýeke-täk goly 35-nji minutda Sadio Maneniň urgusyndan soň, Tagliafiko ýalňyşlyk bilen öz derwezesinden

girizdi. Çempionlar ligasynda 2-nji

möwsümini başdan geçirýän Atalanta ýaryşyň

debýutanty

Midtýullanny myhmançylykda

4-0 hasabynda utdy. Italýan toparynyň gollarynyň 3-si 1-nji ýarymda geçirilip,

olary Zapata, Gomez, Muriel öz atlaryna ýazdyrdylar. Oýna soňdan

goşulan Mirançuk bolsa, 89-njy minutda toparyň

4-nji goluny derwezä girizdi.

“A”: Bawariýa Atletiko Madrid: 4-0

(Koman 28, 72, Goreska 41, Tolisso 66)

“A”: RB Salsburg Lokomotiw: 2-2

(Soboslai 45, Ýunuzowiç 50 Eder 19, Lisakowiç 75)

“B”: Real Madrid Şahtýor Donesk: 2-3

(Modriç 54, Winisius 59 Tete 29, Waran 33 ö.d., Solomon 42)

“B”: Inter Borussiýa M: 2-2 (Lukaku

49, 90 Bensebaini 63 p, Hofmann 68)

“C”: Mançester Siti Porto: 3-1 (Aguero

20 p, Gündogan 65, Torres 73 Diaz 14)

“C”: Olimpiakos Marsel: 1-0 (Hassan

90+1)

“D”: Aýaks Liwerpul: 0-1 (Tagliafiko

35 ö.d.)

“D”: Midtýullann Atalanta: 0-4 (Zapata

26, Gomez 36, Muriel 42, Mirançuk 89)

Ýene degişli makalalar

Ýyldyz oýunçy 5 ýyldan soň ýygynda çagyryldy Germaniýanyň düzümi mälim boldy
“Bawariýa” ýene-de ýeňmek başartmady
Şols goranmak ministriniň işden gitmek baradaky ýüztutmasyny kabul etdi
Tennis täzelikleri
Finalyň ady: “Aýntrhat”“Borussia D.”