“Bawariýany” PSŽ hem ýeňip bilmedi, bassyr 16-njy ýeňiş

UEFA Çempionlar Ligasynda tapgyryň iň esasy duşuşyklarynyň biri Parižde soňky çempion PSŽ bilen “Bawariýanyň” arasynda oýnaldy. Çekeleşikli we dartgynly geçen oýunda nemes topary 2-1 hasabynda ýeňiş gazandy.

Münhenlilere ýeňiş getiren gollaryň 2-sini hem 4-nji we 32-nji minutlarda Luis Diaz geçirdi. Ýöne kolumbiýaly futbolçy 45+7-nji minutda gyzyl kart alyp, toparyny meýdançada 1 oýunçy kem galdyrdy.

PSŽ-den Pedro Neweşiň 74-nji minutda geçiren goly ýeňşe ýeterlik bolmady. Şeýlelikde, “Bawariýa” topary ähli ýaryşlary hasaba alanyňda, şu möwsümde oýnan 16-njy duşuşygynda hem ýeňiş gazanyp, geçen hepde täzelän rekordyny ösdürdi.

Luçano Spallettini tälimçilige bellän “Ýuwentus” toparyna öz meýdançasynda “Sportingi” ýeňmek başartmady. 1-1 hasabynda deňlikde tamamlan duşuşygyň gollaryny ýer eýelerinden 34-nji minutda Wlahowiç, myhmanlardan 12-nji minutda Arauho derwezä girizdi. “Ýuwentus” toparynyň 4 duşuşykda-da ýeňşi ýok (3 deňlik, 1 ýeňliş).

“Olimpiakos” bilen PSW-niň arasyndaky duşuşyk hem 1-1 hasabynda deňlikde tamamlanyp, niderlandlar 90-njy minutdan soň ýeňlişden halas boldular. Grek kluby 17-nji minutda Gelson Martinsiň goly bilen öňe geçdi. Ýöne olara Pepiniň 90+3-nji minutdaky goluna çäre tapmak başartmady.

Italiýada oýnalan ýene bir duşuşykda hem ýeňiş gazanan bolmady. “Napoli” bilen “Aýntrahtyň” arasundaky duşuşykdan gol sesi eşidilmedi.

Ýene degişli makalalar

“Bawariýa” öňküsi ýaly, “Real Madridden” şowsuz başlangyç
Messiniň doganoglany toparyny ýokary liga çykardy
Türkmenistanda Berdimuhamedowyň 60 ýaşy bellendi (foto)
Waşington sammitinde Tramp bilen Merkezi Aziýa ýurtlary möhüm minerallar boýunça ylalaşyga geldi
Trampyň Merkezi Aziýa liderleri bilen duşuşygyndan näme garaşmaly?