4-nji ýanwar Nýuton güni

Her ýylyň 4-nji ýanwary Nýuton güni hökmünde bellenilýär.Bu günde dürli ugurlarda köp açyş eden adam, XVII asyryň görnükli alymynyň güni bellenilýär.Hut şu gün 1642-nji ýylda iňlis matematigi, fizigi, mehanik we astronom, nusgawy fizikanyň awtory, iňlis Korol jemgyýetiniň prezidenti we agzasy Isaak Nýuton dünýä indi.

Dürli nazaryýetleri öňe süren häzirki zaman mehanikasyny esaslandyryjylaryň biri Bütindünýä dartylma kanunyny oýlap tapdy, Günüň töweregindäki planetalaryň, ummanlardaky tolkunlaryň hereketini hasaplady.Mundan başga-da, Nýuton akustika we fiziki optika pudagynda esaslandyryjy hasaplanýar.

Alym dünýä ineninden tä dünýäden ötýänçä ajaýyp hadysalar we ýer ýüzi garaşylmadyk ýagdaýlar bilen dolduryldy, bu möhüm açyşlara sebäp boldy.Dünýä alymlary şu güne çenli Nýuton tarapyndan açylan kanunlary, teoremalary we formulalary ulanýarlar.

Isaak wagtyndan öň doguldy we ýagdaýy gaty agyrdy.Muňa garamazdan, oglan diri galdy we kakasynyň adyny göterdi. Çagalygynda saglygy erbetligi bilen tapawutlansa-da, 84 ýaşa çenli ýaşap bildi.

Nýutonyň oýlap tapan käbir kanunlarynyň we teoriýalarynyň soňky asyrlarda ep-esli derejede üsti ýetirilendigine garamazdan, ylmy dünýäniň ösmegine möhüm goşant goşdy.Her ýyl 4-nji ýanwarda alymlar, mugallymlar we uniwersitetleriň talyplary, takyk ylym muşdaklary Nýuton gününi belleýärler.

Bu döwürde köplenç adamlar Londonyň Westminster etrabyndaky ybadathananyň ýanynda alymyň jaýlanan ýerine barýarlar.Isaak Nýuton resmi taýdan “adamzadyň gymmatlygy” hökmünde ykrar edildi.

Abadan SARYÝEWA, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Täze ýyl arçasyny bezemegiň däpleriniň taryhy
Futboluň şasy aradan çykdy
Karl III şekillendirilen şaýylyklar hödürlendi
Diananyň köýnegi “Sotheby’s” auksionyna çykaryldy
Italiýaly meşhur kino ýyldyzy aradan çykdy
Täç geýdiriliş dabarasy guralar