40 ýyllygyna bagyşlandy

1977-nji ýylda önümçiligine başlanan “Niva” awtoulagynyň 40 ýyllygy mynasybetli ýörite seriýasy öndüriler. Ýolsuz ýerden ýöremäge niýetlenen bu ulagdan häzire çenli 530 müň sanysy öndürilip, dünýäniň dürli ýurtlaryna satylypdyr. “Niva”-nyň daşky keşbi döredilen gününden bäri üýtgemedi diýilse ýalňyş bolmaz. 1971-nji ýylda VAZ-yň konstruktorlary “Land Rover” ulagynyň şassisinden peýdalanyp, ýolsuz ýerden ýöremäge niýetlenen kiçi göwrümli ulagy döretmäge girişýärler. Şeýle hem VAZ brendiniň beýleki ulaglarynda bolşy ýaly, italýanlaryň FIAT kompaniýasynyň täsiri ýetýär.

Onuň ilkinji çykan hereketlendirijisiniň 1,6 litrlik nusgasy 60 santimetrlik suwdan we 100 santimetr gardan geçmäge ukyplydy. “Lada” tarapyndan 40 ýyllygyna bagyşlanyp dörediljek jemi 1977 sany ýörite ulaglar sargyt eden müşderilere iýun aýyndan başlap, ýetirilip başlanar.

Köp ýeri poslamaýan polatdan ýasalan ulagyň kuwwaty 83 at güýjüne barabar bolup, hereketlendirijisiniň göwrümi 1,7 litre barabardyr.

Ýene degişli makalalar

“Amul Hazar 2018” türkmen sportunyň nobatdaky üstünligi
Lebap - Daşoguz arasyndaky 'ýolsuz ýollar' ýolagçylaryň janyny töwekgelçilige salýar
Awtoulag sergisi geçirildi
Baýramalynyň käbir obalarynyň ýaşaýjylary ýol batgasyndan kösenýärler
Ýolsuz ýerden ýöreýär
15.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti halkara ralliniň hormatyna geçirilen dabaralara gatnaşdy