47-nji UEFA Super Kubogy duşuşygy: “Real Madrid” “Aýntraht”

Şu gije 47-nji UEFA Super Kubogy duşuşygy oýnalar.Finlýandiýanyň paýtagty Helsinkidäki 36 müň 251 janköýerlik Olimpiýa stadionynda oýnaljak duşuşykda UEFA Çempionlar Ligasynyň çempiony “Real Madrid” (Ispaniýa) bilen UEFA Ýewropa Ligasynyň ýeňijisi “Aýntraht Frankfurt” (Germaniýa) özara güýç synanyşar.

Aşgabat wagty bilen 00:00-da başlanjak duşuşyga angliýaly Maýkl Oliwer eminlik eder. “Real Madrid” 5-nji Super Kubogyna ymtylsa, “Aýntraht” ýeňiş gazanan ýagdaýynda ilkinji gezek kubogy eýelär. 8-nji gezek Super Kubok duşuşygyny geçirjek “Real Madrid” mundan öňki 7 duşuşygyň 4-sinde ýeňiş gazandy (2002, 2014, 2016, 2017), 3-sinde ýeňlişe sezewar bolady (1998, 2000, 2018).

Helsinki ilkinji gezek UEFA-nyň klub ýaryşlarynyň final duşuşygyny kabul eder.

Iki topar mundan ozal diňe bir gezek gabatlaşdylar. 62 ýyl mundan ozal, ýagny UEFA Çempionlar Ligasynyň 1960-njy ýyldaky finalynda, Glazgoda oýnalan duşuşykda “Real Madrid” topary “Aýntrahty” Di Stefano (3) hem-de Puşkaşyň (4) gollary bilen 7-3 ýeňip, yzly-yzyna 5-nji çempionlygyny gazanypdy.

Şeýle-de ispan toparlary bilen nemes klublary UEFA Super Kubogy duşuşygynda 4-nji gezek duşuşarlar. Mundan öňki 3 ýaryşyň 2-sinde “Barselona” topary “Werderi” (1992) hem-de “Borussiýa Dortmundy” (1997) ýeňipdi. “Bawariýa” bolsa “Sewilýadan” üstün çykypdy.

Ilkinji gezek resmi ýagdaýda 1973-nji ýylda geçirilen UEFA Super Kubogy duşuşygynda 26 gezek Çempionlar Ligasynyň ýeňijisi ýeňiş gazandy.Galan 20-sinde Kubokçylaryň Kubogy (UEFA-nyň öňki bäsleşigi) hem-de Ýewopa Ligasynyň çempionlary üstün çykmagy başardy. 2010-njy ýyldan bäri oýnalan 12 duşuşykda Çempionlar Ligasynyň çempiony kubogy eýeledi.

Galan 3 duşuşykda bolsa “Atletiko Madrid” Ýewropa Ligasynyň ýeňijisi hökmünde Çempionlar Ligasynyň çempionlaryndan üstün çykmagy başardy.

UEFA Super Kubogy duşuşygy 1998-nji ýyla çenli 2 duşuşyk esasynda geçirilýärdi. 1998-2012-nji ýyla çenli duşuşyklar Monakodaky, has takygy, Monakonyň paýtagty Monte Karlodaky Louis II stadionynda oýnaldy. 2013-nji ýyldan bäri-de duşuşyk her ýyl başga bir ýurduň, esasan hem futbolda o diýen ösmedik ýurtlaryň şäherlerinde geçirilýär.

Kubogyň täzelenen görnüşi 2006-njy ýyldan bäri gowşurylyp, onuň agramy 12,2 kilograma deňdir (boýy 58 santimetr).

Duşuşykda ýeňiş gazanan topar 5 million ýewro, utulan klub bolsa 3,8 million ýewro pul baýragy bilen sylaglanar.Bu kubogy şu wagta çenli ispan klublary 15 gezek eýeledi.

Italýanlar hem-de iňlislerde bu görkeziji 9-a deňdir.Belgiýanyň toparlary 3, nemes hem-de niderland klublary 2 gezek kubogy eýeledi.Iň köp “Milan” hem-de “Barselona” toparlary gazanyp, 2-si hem 5 gezek UEFA Super Kubogyny asmana göterdi. “Real Madrid” bilen “Liwerpul” 4 gezek kuboga mynasyp boldy.

Bu kubogy şu wagta çenli 24 klub asmana göterdi.

Şu gijeki duşuşykda UEFA-nyň klub ýaryşlarynda ilkinji gezek SAOT (ýarym awtomat ofsaýt tehnologiýasy) ulgamy hem ulanylar.

Ýene degişli makalalar

“Bawariýa”, “Barselona”, “Inter” bir toparçada UEFA Çempionlar Ligasynyň bijeleri çekildi
Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşuldy
“Reýnjers” 11 ýyldan soň 11-nji gezek Çempionlar Ligasynda
Hindistan daşky gurşaw maksatnamasyny tassyklady
Dünýäniň iň gowy şäherleri
Ummanlar howp astynda: BMG-niň ýolbaşçysy tebigaty goramaga çagyrýar