4G internetli we Wi-Fi-da işleýän düwmeli telefon tanyşdyryldy

4G internetli we Wi-Fi-da işleýän düwmeli telefon tanyşdyryldy

Häzir biziň hemmämizde iň döwrebap smartfonlar bar ýaly. Ýöne şonda-da ilkibaşda döredilen düwmeli telefonlar hem aramyzda ýaşamagyny, şol bir wagtda ösmegini dowam edýär. Şu ugurda Nokia smartfonlary has uly meşhurlyga eýe. Şeýle-de bolsa, öz mümkinçiliklerine ünsi çekmek isleýän başga önüm öndürijiler hem bar. itel Mobile kompaniýasy hem şolaryň biri.

Ferra.ru golaýda itel Mobile kompaniýasynyň Itel Magic diýip atlandyrylan täze düwmeli telefonlaryny öndürip başlandygyny habar berýär.Bu telefonlar diňe bir 4G mobil aragatnaşygynda işlemek ukybyna eýe bolman, eýsem, interneti Wi-Fi arkaly paýlamak mümkinçiligine hem eýedir.

Gizmochina-nyň habar berşi ýaly, bu enjamlarda 2,4 dýuýmly QVGA displeý we 1,3 megapiksellik esasy kamera bar.Itel Magic telefonlarynyň bahasy bolsa bary-ýogy 32 dollara deň.

Ýene degişli makalalar

Maryda “Altyn Asyr” arkaly jaň etmek, SMS ibermek, Internetden peýdalanmak kynlaşdy
Sebitlerde öýjükli aragatnaşygyň hili ýaramazlaşýar, Internetiň tizligi pes bolmagynda galýar
Batareýany tygşytlaýan düzgün girizer
Uçarda 5G hyzmatyna rugsat berler
ВЫЕЗДНОЕ РАСШИРЕННОЕ ЗАСЕДАНИЕ КАБИНЕТА МИНИСТРОВ ТУРКМЕНИСТАНА
Arkadag şäheri ýurdumyzyň ilkinji akylly şäheri
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisi