5 minutda 200 müň gurluş: Xiaomi Mi Pad 5 tapgyryny bazara çykardy

5 minutda 200 müň gurluş: Xiaomi Mi Pad 5 tapgyryny bazara çykardy

Birnäçe gün mundan öň Xiaomi kompaniýasy Hytaýdaky içki bazarynda Mi MIX 4 smartfonuny hem-de Mi Pad 5 seriýasyny, şeýle-de birnäçe beýleki önümleri resmi taýdan çykardy. 16-njy awgustda gurluşlar hytaý bazarynda ilkinji gezek resmi taýdan satuwa çykaryldy diýip, astera.ru habar berýär.

Kompaniýa ilkinji satuwynda bary-ýogy bir minutda 300 million ýuanlyk ($46,3 mln) önüm satmagy başarandygyny aýtdy. Şeýle-de, kompaniýa bäş minutda Mi Pad 5 seriýasyndan 200 000 gurluşyň satylandygyny habar berdi.

Şeýle-de bolsa, adamlar planşet aksessuarlarynyň, şol sanda klawiaturanyň we stilusyň bolmazlygyna nägilelik bildirdiler. Kompaniýa muny göz öňünde tutup, bu meseläni çözmäge synanyşjakdygyna wada berdi.

Täze planşetleriň ikinji tapgyrynyň satuwa haçan çykaryljakdygy habar berilmedi. Sentýabr aýynda Mi Pad 5 seriýasy ýewropa bazarynda hödürlener.

Häzirki wagtda, Hytaýda ýokarda agzalan planşet modeli 310 dollardan 540 dollar aralygynda satylýar. Model 11 dýuýmlyk IPS matrisa esaslanýan displeýe eýe boldy. Xiaomi Mi Pad 5-iň kuwwaty 8720 mA/s bolan akkumulýatory bar.

Ýene degişli makalalar

Oleg Kononenko kosmosda iň uzak wagtlap bolmakda dünýä rekordyny goýýar
ÝUNESKO-nyň sanawyna täze ýerler girizildi
Bolliwudyň ägirt aktýory, ilkinji Hany aradan çykdy
Daşary ýurt metbugatyna syn
Bangladeşde gaýygyň batmagy netijesinde 26 adam ýogaldy
6-njy mart — Madridiň Real futbol klubunyň döredilen güni