Bangladeşde gaýygyň batmagy netijesinde 26 adam ýogaldy

Bangladeşde gaýygyň batmagy netijesinde 26 adam ýogaldy

Bangladeşiň Madaripur sebitindäki Padma derýasynda, ýolagçylardan doly gaýyk bilen gum ýüklenen gäminiň çakyşmagy netijesinde ilkinji kesgitlemelere görä 26 adam ýogaldy.

Dhaka Tribune habarlar agentliginde berilen habara görä, Padma derýasynda düzüminde köp sanda ýolagçy bolan gaýyk, gum daşaýan gämi bilen çakyşdy.

Madaripur sebitiniň polisiýa gullugynyň resmisi Miraç Hüseýin, wakada ilkinji kesgitlemelere görä 26 adamyň ýogalandygyny we köp sanda adamyň dereksiz ýitendigini mälim etdi.

Miraç Hüseýin gözleg we halas ediş toparlary tarapyndan halas edilen 5 adamyň hassahanada bejergi astyna alynandygyny habar berdi.

Sebitdäki gözleg we halas ediş işleri dowam edýär.

Ýene degişli makalalar

Bangladeşde bolan gämi heläkçiliginde 7 adam ýogaldy
Oleg Kononenko kosmosda iň uzak wagtlap bolmakda dünýä rekordyny goýýar
5 minutda 200 müň gurluş: Xiaomi Mi Pad 5 tapgyryny bazara çykardy
ÝUNESKO-nyň sanawyna täze ýerler girizildi
Bolliwudyň ägirt aktýory, ilkinji Hany aradan çykdy
Daşary ýurt metbugatyna syn