5-nji Antalýa Diplomatiýa forumy öz işine başlady

5-nji Antalýa Diplomatiýa forumy öz işine başlady

Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, 5-nji Antalýa Diplomatiýa forumy ADF 2026 Jenap Prezidentimiziň goldaw bermeginde we Daşary işler ministrliginiň ýer eýeçiliginde “Geljegi kesgitlemek-näbellilige garaşy göreşmek” mowzugy bilen 2026-njy ýylyň aprel aýynyň 17-19-y aralygynda Antalýada geçirler.

Ilkinji gezek 2021-nji ýylda geçirlen Antalýa Diplomatiýa forumy, döwlet we hökümet baştutanlaryndan alymlara, halkara guramalaryň wekillerinden işewürlere çenli giň gatnaşyjylaryň gatnaşmagynda halkara gün tertibiniň kesgitlenilmegine uly goşant goşýar.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, foruma 150-den gowrak ýurtdan 20-ä golaý döwlet we hökümet baştutanynyň, 15 döwlet we hökümet baştutanynyň orunbasarynyň, 40-y daşary işler ministri bolmak bilen 50-den gowrak ministriň, 75-i halkara guramalaryň wekili bolmak bilen 460-a golaý ýokary derejeli ýolbaşçynyň, alymlar we talyplar bilen birlikde 5 müňe golaý myhmanyň gatnaşýar.

Döwlet we hökümet baştutanlarynyň esasy bölegi Afrikadan we Ýewropadan, daşary işler ministri derejesinde gatnaşjak myhmanlaryň 40-i Afrikadan, 35-i Ýewropadan, 22-i bolsa Aziýa ýurtlaryndan.

Antalýa Diplomatiýa forumynyň çäginde 40-den gowrak oturluşygyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, oturluşyklarda halkara ulgamdaky näbellilik we öwrülşik etaby bilen birlikde sebitara meseleler seljerler.

Syýasy wakalar, ykdysadyýet we daşky gurşaw ýaly meseleler hem forumyň gün tertibinde esasy orun eýeleýär.

Beýleki tarapdan forumyň çäginde Daşary işler ministri Hakan Fidanyň ýolbaşçylyk etmegine Balkan parahatçylyk forumynyň Daşary işler ministrleriniň 3-nji maslahatynyň, Gaza temaly 8-nji maslahatyň, Türki döwletler guramasynyň Daşary işler ministrleri geňeşiniň maslahatynyň we Türkiýe-Pakistan-Saud Arabystany-Müsür maslahatynyň geçirilmegine garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Fidan Antalýada Pakistanyň Premýer-ministri Şerif bilen duşuşdy
Daşary işler ministri Fidan Siriýanyň Prezidenti Şara bilen duşuşdy
Dünýä liderleri 5-nji Antalýa Diplomatiýa Forumy üçin Türkiyä ýygnanarlar
5-nji Antalýa Diplomatiýa forumy aprel aýynyň ikinji hepdesinde geçirler
Pakistanyň Premýer-ministri ABŞ-Eýran gepleşiklerini seljermek üçin goňşy ýurtlara sapar gurar
Türkiýe ABŞ-Eýran söweşiniň öňüniň alynmagy üçin diplomatiýany ileri tutýar