Daşary işler ministri Fidan Siriýanyň Prezidenti Şara bilen duşuşdy

Daşary işler ministri Fidan Siriýanyň Prezidenti Şara bilen duşuşdy

Türkiýäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan, penşenbe güni Türkiýäniň günortasynda ýerleşýän syýahatçylyk merkezi Antalýada Siriýanyň Prezidenti Ahmed al Şara bilen duşuşdy.

Diplomatik çeşmeleriň berýän habaryna görä, Hakan Fidan Antalýa Diplomatiýa forumynyň öňüsyrasynda Siriýanyň Prezidenti Ahmed al Şara tarapyndan kabul edildi.

Şu ýyl bäşinjisi geçirilýän Antalýa diplomatiýa forumy döwlet we hökümet baştutanlarynyň, daşary işler ministrleriniň we halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda anna güni öz işine başlar.

Ýekşenbe gününe çenli dowam etjek forum Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdoganyň goldaw bermeginde, Daşary işler ministrligi tarapyndan “Geljegi kesgitlemek, näbellige garşy göreşmek” temasy bilen geçirilýär.

Ýene degişli makalalar

5-nji Antalýa Diplomatiýa forumy öz işine başlady
Fidan Antalýada Pakistanyň Premýer-ministri Şerif bilen duşuşdy
Daşary işler ministri Hakan Fidan kärdeşleri bilen duşuşyk geçirdi
Erdogan Eýrana guralýan bikanun hüjümler sebäpli sebite uly howpuň abanýandygyny aýtdy
Fidan: “Ysraýyl howpsuzlygyny bahana edip has köp ýer almak isleýär” diýdi
Fidan: ADF dünýä liderlerini kabul etdi, Türkiye bolsa diplomatik roluny giňeldýär