5-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy täzelikleri Turkmenportal

5-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy täzelikleri  Turkmenportal

Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen BAE ugrady, Türkmenistanyň Erezidenti Eýrandaky terrorçylykly hereket sebäpli Ebrahim Raisä gynanç bildirdi, Türkmenistan Aşgabat Abu-Dabi ugry boýunça dowamly uçuşlary dikelder we beýleki habarlar Türkmenistanda 1.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni iş sapary bilen Birleşen Arap Emirliklerine geldi.Abu-Dabiniň howa menzilinde Halk Maslahatynyň Başlygyny BAE-niň energetika ministri we beýleki resmi adamlar garşyladylar.

Gysga wagtlyk söhbetdeşligiň barşynda dünýäniň okgunly ösýän döwletleriniň biri hökmünde Birleşen Arap Emirlikleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn giňeldilmegine Türkmenistan tarapyndan aýratyn ähmiýet berilýändigi nygtaldy.

2.Saparyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň Prezidenti bilen duşuşyk geçirdi.Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.Türkmen halkynyň Milli Lideri Birleşen Arap Emirlikleriniň maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygyň, şeýle hem energetika, ulag-kommunikasiýa, senagat we agrosenagat toplumy, ýokary tehnologiýalar ýaly ugurlarda gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň Prezidentini özi üçin amatly wagtda Türkmenistana gelmäge çagyrdy.

3. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Kerman şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren terrorçylykly hereket baradaky habary uly gynanç bilen kabul edendigini belledi.

4. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti ÝUNISEF-iň we UNFPA-nyň goldawy bilen çagalaryň we olaryň maşgalalarynyň abadançylygy baradaky maglumatlaryň gözegçiligini geçirer. Bu gözleg çagalaryň bähbidine döwlet maksatnamalaryny işläp düzmek üçin möhüm maglumatlary almaga mümkinçilik berer. Ýanwar aprel aýlarynda ýörite tälim berlen meýdan toparlary tutuş ýurt boýunça 6800 hojalyga baryp görerler.

5.Türkmenistanyň Arkadag şäherindäki täze Onkologiýa merkezinde innowasion tehnologiýalar we dünýä derejesindäki enjamlar ornaşdyryldy.Munuň özi ýurtda onkologiýa kesellerini anyklamagyň we bejermegiň netijeliligini has-da ýokarlandyrar.Merkeziň müdiri Rejep Orazberdiýewiň bellemegine görä, häzirki zaman anyklaýyş enjamlarynyň kömegi bilen rak keseliniň dürli görnüşlerini irki döwürlerinde ýüze çykarmak mümkin boldy.

Bu hassahananyň işiniň ileri tutulýan ugrudyr.Merkezde bejerip bolmaýan kesel bilen baglanyşykly mesele bilen ýüzbe-ýüz bolýan hassalaryň we olaryň maşgalalarynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen palliatiw bejerginiň ähli usullary ornaşdyrylandyr.

6. Şekillendiriş sungaty muzeýinde Eýranyň we Türkmenistanyň zenan suratkeşleriniň sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Onda şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň ussatlary özleriniň eserlerini görkezdiler.

7.Türkmenistan awiakompaniýasy 5-nji ýanwardan başlap, Aşgabat — Dubaý — Aşgabat ugry boýunça göni howa gatnawlaryny dikelder.Iki ýurduň paýtagtlarynyň arasynda howa gatnawyny dikeltmek çözgüdi türkmen halkynyň Milli Lideriniň BAE iş saparynyň dowamynda kabul edildi.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de ýurduň ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň paýtagty bilen howa gatnawynyň gaýtadan dikeldilmeginiň döwletara gatnaşyklaryň täze derejä çykarylýandygyna şaýatlyk edýändigini aýtdy.

Dünýäde

8. Microsoft korporasiýasy adaty klawiatura Copilot emeli aň kömekçisini işe girizmek üçin düwmäni goşmagy meýilleşdirýändigini yglan etdi. Bu soňky otuz ýyla golaý döwrüň dowamynda Windows PC klawiaturasynyň düzümine giriziljek ilkinji möhüm üýtgeşme bolar. Täze düwmeli ilkinji kompýuterler 2024-nji ýylyň ýazynda elýeterli bolar.

9.Belarusyň Et-süýt senagaty institutynyň hünärmenleri azyk 3D çap enjamy üçin gury garyndylary taýýarladylar, ol iýmit goşundylary, konserwantlar ýa-da boýaglar ulanylmazdan, tebigy etden kotletleri çap etmäge mümkinçilik berýär.

Garyndylar doňuz etinden, sygyr etinden we towuk etinen ybaratdyr. 3D çap enjamynyň kömegi bilen islendik görnüşdäki we ululykdaky, mysal üçin, haýwanlaryň şekillindäki, süňksiz ýa-da içi hurş bilen doldurylan kotletleri döretmek mümkindir.

Sport habarlary 10. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda gyşky transfer möwsüminiň açylýandygyny habar berdi. Transfer möwsüminiň çäklerinde ýurduň futbol toparlary Esasy liganyň we Türkmenistan Kubogynyň oýunlaryna gatnaşmak üçin täze oýunçylary düzümlerine goşup bilerler. Arza beriş amallary 28-nji fewrala çenli dowam eder.

Ýene degişli makalalar

Arkadag şäheriniň edaralaryna ýolbaşçylar bellendi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Hindistan ilat sany boýunça dünýäde birinji orna çykdy
Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy başlandy
ТУРКМЕНИСТАН ГОТОВИТСЯ К СПЛОШНОЙ ПЕРЕПИСИ НАСЕЛЕНИЯ И ЖИЛИЩНОГО ФОНДА
BMG: Dünýä ilaty 8 milliarda ýetdi