50-den gowrak logistika merkezini gurmak meýilnamasy durmuşa geçirilip başlandy

Saud Arabystanyň Şazadasy Muhammet bin Salman Al-Saud ýekşenbe güni patyşalygy global logistika merkezine öwürmäge mümkinçilik berjek 50-den gowrak logistika merkezini gurmak meýilnamasyny mälim etdi.

Saud Arabystanyň metbugat gullugy Saud Arabystanynyň logistika pudagy üçin infrastrukturany ösdürmegi, ýerli ykdysadyýeti diwersifikasiýa etmegi we öňdebaryjy maýa goýum merkezi hökmünde Patyşalygyň derejesini ýokarlandyrmagy maksat edinýändigini aýtdy.

Meýilnama umumy meýdany 100 inedördül kilometrden gowrak 59 merkeziň gurluşygyny göz öňünde tutýar. 12 merkez Er-Riýadda, 12-si Mekgede, 17-si Aş-Şarkiýa welaýatynda, 18-si Patyşalygyň beýleki ýerlerinde gurlar.

Agentlik 2030-njy ýyla çenli gurulmagy meýilleşdirilýän merkezleriň ýerli kärhanalara Saud Arabystanynyň önümlerini ýokary netijelilik bilen eksport etmegine we ýurduň logistika we paýlaýyş merkezleriniň arasynda çalt aragatnaşygy üpjün edip, elektron söwdany ösdürmäge mümkinçilik berjekdigini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

50-den gowrak logistika merkezini gurmak meýilnamasy durmuşa geçirilip başlandy
Ýyldyzlaryň täze mesgeni “Saudi Pro Liga” (habar-seljeriş)
Türkmen diplomaty Er-Riýad şäheriniň Sergiler merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Türkmen wekiliýeti Özbegistanyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşar
Salman Bilen Guterreş Gazada Başdan Geçirilýän Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy
Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý Saud Arabystanyna Bardy