55 million dollara kosmosa gitjek ilkinji syýahatçylar belli boldy

55 million dollara kosmosa gitjek ilkinji syýahatçylar belli boldy

Kosmosa gitjek ilkinji syýahatçylar belli boldy. Axiom Space kosmos syýahatçylyk kompaniýasy 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda Halkara kosmos bekedinden (ISS) 8 günlük syýahata gitjek ýolagçylar barada habar berdi. Ilkinji hususy kosmos syýahatynyň bahasy 55 million dollar bolar.

ABŞ-nyň Hýuston şäherinde ýerleşýän Axiom Space atly kosmos syýahatçylyk kompaniýasy adamzat taryhynda ilkinji hususy kosmos syýahatyna gatnaşjak üç adamy mälim etdi.

Axiom Space kosmos syýahatçylyk kompaniýasynyň wise-prezidenti, NASA-nyň öňki kosmonawty, kapitan Maýkl Lopes Alegriýa tarapyndan ediljek syýahata ABŞ-nyň 71 ýaşly telekeçi raýaty Larri Konnor, Kanadan 51 ýaşly maýadar Mark Pati we Ysraýylyň 63 ýaşly telekeçi raýaty Eýtan Stibbe gatnaşar.

Syýahat üçin 55 million dollar tölejek 3 syýahatçynyň arasyndan Larri Konner Ax-1 kosmos gämisiniň uçarmany bolar, Mark Pati bilen Eytan Stibbe bolsa ekipajda ýörite tabşyryklary ýerine ýetirer.

Axiom Space kosmos syýahatçylyk kompaniýasy ilkinji kosmos syýahatçylarynyň orbitada bolan wagtlarynda ýer ýüzündäki alymlaryň okuw we synag işlerine kömek bolar ýaly dürli taslamalary gurnajakdygyny habar berdi.

Axiom Space kosmos syýahatçylyk kompaniýasynyň wise-prezidenti Lopes Alegriýanyň sişenbe güni beren beýanynda: Bu öňdebaryjy kosmos syýahatynyň ekipajy adamzadyň ylym we ösüş baradaky tükeniksiz gözleginde öwrülişik nokadyny görkezýär. diýip belledi.

Axiom Space kosmos syýahatçylyk kompaniýasy özüniň kosmos syýahatynda Elon Maskyň SpaceX kompaniýasynyň Falcon 9 raketasyny we Crew Dragon kosmos perdesini (kapsulasyny) ulanar.

Ýene degişli makalalar

Emeli hemralarynyň sany 5 müňe ýetdi
Emeli hemralarynyň sany 5 müňe ýetdi
Kosmosa çykan ilkinji arabystanly zenan
Dört astronawt Halkara kosmos bekedine iberildi
“Space X”-iň astronawtlary halkara kosmos bekedine bardylar
Dört astronawt Halkara kosmos bekedine iberildi
SPACEX HKS-e halkara toparyny ýollady