Kosmos pudagynda garaşylýan täzelikler

Kosmos pudagynda garaşylýan täzelikler

Adamzat uzak ýyllardan bäri asman jisimleri bilen içgin gyzyklanýar.Geçen asyryň ortalarynda atmosferanyň daşyna dürli enjamlar ugradylyp başlandy.Soňra bolsa, adamyň hem kosmosa çykmagyna mümkinçilik döredildi.

Halkara kosmos bekediniň işe girizilmegi bilen, 2000-nji ýylyň 31-nji dekabryndan bäri asman giňişliginde hemişe adam bar.Dürli maksatlar üçin ulanylýan kosmos giňişligi has köp özleşdirilýär. 2026-njy ýylda hem bu ugurda dürli taslamalar durmuşa geçiriler.

Fewral aýynda NASA-nyň Artemis II missiýasy üçin dört astronawtdan ybarat topar Aýyň daşyndan aýlanyp gaýtmak üçin uçurylar.Uçuşyň dowamynda Orion kosmos gämisiniň dürli ulgamlary synagdan geçiriler.

Marsa uçuşlary ýola goýmak maksady bilen SpaceX kompaniýasynyň Starship raketasy hem dürli synaglary geçirer.

Blue Origin kompaniýasy bolsa, Blue Moon Mark 1 atly enjamy Aýyň günorta polýusyna gondurmagy meýilleşdirýär.

Hytaýyň Tianwen-2 atly enjamy bilen asteroidden nusga almak maksat edinilýär. Şeýle hem Chang’e 7 kosmos enjamy arkaly Ýeriň hemrasynyň günorta polýusyna ylmy-barlag işlerini amala aşyrmaga niýetlenen robot ugradylar.

Dünýäniň ilkinji hususy kosmos bekedi boljak Haven-1-iň gurluşygyna başlanmagyna garaşylýar.

Ýewropa kosmos agentliginiň Ýapon aerokosmos gözlegleri agentligi bilen bilelikdäki maksatnamasynyň netijesinde döredilen BepiColombo kosmos enjamy Merkuriý planetasynyň orbitasyna baryp ýeter. Bu enjamyň uçurylanyna 8 ýyl dolýar. Bulardan başga-da, asman jisimlerini has ýakyndan synlamak üçin täze teleskoplar gurlar.

Ýene degişli makalalar

Uçuşdan soň agyr depressiýany başdan geçirdi
Telefonlar kompýuter bilen sazlaşykly işlär
Acer 120 gers ekranly we täze ses ulgamly telewizory bildiriş etdi
Kosmosdan internet üpjün eder
Xiaomi sesi diňleýjiniň äňinden eşitdirýän gulaklyk öndürdi
Sony plastik çüýşelerden ýasalan simsiz gulaklyk bilen tanyşdyrdy