Sony plastik çüýşelerden ýasalan simsiz gulaklyk bilen tanyşdyrdy

Sony plastik çüýşelerden ýasalan simsiz gulaklyk bilen tanyşdyrdy

Sony kompaniýasy özüniň LinkBuds S Earth Blue diýen at bilen täze simsiz gulaklygy bilen tanyşdyrdy, ol, esasan, gaýtadan işlenen plastiki suw gaplardan ýasalandyr. Bu barada Trusted Reviews portalyna salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.

Plastiki gaplaryň enjamyň önümçiliginde peýdalanylmagy özboluşly mermer bezegi döretmäge mümkinçilik berdi. LinkBuds S Earth Blue daşyndan göräýmäge, Sony WF-1000XM4 flagman nusgasyny ýatladýar. Ol işjeň goh basyjy ulgam hem-de aýna ýaly durulyk düzgünine eýedir. Gajet alty sagat özbaşdak, eger gabyndan güýç berlende, 20 sagat işleýär.

LinkBuds S Earth Blue simsiz gulaklyklaryň satuwyna öňdäki noýabrda badalga berler, onuň bahasy 150 dollar töweregi bolar.

Ýene degişli makalalar

Ýylyň garaşylýan filmleri
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
“Sony” winile dolandy: 400 dollardan başlaýan täze pleýerler
Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
Telefonlar kompýuter bilen sazlaşykly işlär
Acer 120 gers ekranly we täze ses ulgamly telewizory bildiriş etdi