Acer 120 gers ekranly we täze ses ulgamly telewizory bildiriş etdi

Acer 120 gers ekranly we täze ses ulgamly telewizory bildiriş etdi

Acer kompaniýasy ekranlary şekili 120 Gs tizlikde täzelemäni göterýän akylly telewizorlaryň şu ýyl çykaryljakdygyny resmi taýdan tassyklady.

Maglumaty Acer bilen işleýän Indkal hindi kompaniýasynyň baş direktory Anand Dubeý tassyklady.Anand Dubeýiň sözlerine görä, Acer şu ýylyň ahyryna çenli täze ses ulgamyna eýe boljak, 120 Gs täzeleniş tizlikli telewizorlary goýberip başlar.

Acer ýaňy-ýakynda Hindistanda H- we S seriýaly akylly telewizorlary goýberdi.Bu telewizorlar MEMC, HDR 10+, Dolby Vision we ş.m.tehnologiýalary göterýär, ýöne olaryň hiç birem täzelenişi ýokary tizlikli panele eýe bolmandy.

Acer S-Series 65UHD modeli 3840 x 2160 razreşeniýeli 65 dýumlyk çarçuwasyz ekran we iň ýokary 420 kd/m2 ýagtylyk bilen üpjün edilen.Bu telewizor 1,07 milliard reňk öwüşginine çenli görkezip bilýär we HDR 10+ we HLG-i, şeýle-de Dolby Vision-y göterýär.

Telewizor 50 Wt kuwwatly HiPower Soundbar akustik ulgam bilen enjamlaşdyrylan we Dolby Atmos-y göterýär.Gurluş Android TV 11-iň dolandyrmagynda işleýär.Ony iki diapazonly Wi-Fi-a, Bluetooth-a, HDMI 2.1-iň üç portuna, USB-A, USB-C we AV portlaryna birikdirip bolýar.

Ýene degişli makalalar

Samsung täze Galaxy A23 5G bilen tanyşdyrdy
Samsung täze Galaxy A04 bilen tanyşdyrdy
Telefonlar kompýuter bilen sazlaşykly işlär
Dünýäde iň ýeňil noutbuk çykaryldy
Uçarda 5G hyzmatyna rugsat berler
Türkmenistanda ylmyň gazananlary önümçilige ornaşdyrylýar