Ýankompýuterlerini tanyşdyrdy

Golaýda dürli elektron enjamlaryny we aragatnaşyk tehnologiýalaryny öndürýän “Fujitsu” kompaniýasy “UH-X” we “UH-X Convertible’ atly iki sany täze ýankompýuterini tanyşdyrypdy.Indi bolsa ýapon kompaniýasy meşhur “LifeBook U9” seriýasyna “U94/A” hem-de “U9313X” atly iki sany iş noutbugyny goşandygyny mälim etdi.

Bu täze modeller 13-nji nesil mikroprosessorlar bilen enjamlaşdyrylypdyr.Kompýuterleriň kämil mikroprosessorlary ulanyjylar üçin köp amatly aýratynlygy hödürleýär.

“LifeBook U94/A” modeliniň agramy bary-ýogy 898 gram bolup, ululygy 14 dýuým.Näzik we ýuka bolmagy bilen bilen tapawutlanýan ýankompýuteriň durulygy 1920×1200 piksel.Ekranynyň ölçegi 16:10 bolup, “Ethernet” girişi, iki sany USB A girişi, bir sany “Thunderbolt 4” girişi hem-de HDMI 2.0 girişi göz öňünde tutulypdyr. Şeýle hem döwrüň talaby bolan ýokary tizlikli internet arabaglanyşygy bolan 5G 2 hem-de Wi-Fi 6E bilen üpjün edilipdir.

Noutbugyň öň tarapynda giň burçly kamera hem bar.

Beýleki model bolan “LifeBook U9313X” ekranynyň ölçegi 16:9 bolup, 1920×1080 piksel durulygy bilen tapawutlanýar. Ekrany 13,3 dýuýmlyk ululygynda bolan ýankompýuteri hem noutbuk, hem planşet hökmünde ulanyp bolýar. Ýankompýuteriň ekrany 360 dereje aýlanýar. Ýankompýuter iki sany USB A girişi, iki sany “Thunderbolt 4” girişi we “Ethernet” girişi bilen üpjün edilipdir.

“LifeBook U94/A” 2 müň 290 dollardan, “LifeBook U9313X” 2 müň 300 dollardan satuwa çykaryldy.

Sülgün GUWANÇGELDIÝEWA, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniweristetiniň talyby.

Ýene degişli makalalar

Dünýäde iň ýeňil noutbuk çykaryldy
Türkmen wekiliýeti CIGEPS-niň mejlisine gatnaşdy
Türkmenistanyň fotohabarçylary halkara bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar
Türkmen fotožurnalistleri halkara bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar
Alibaba Jek Manyň tankydy çykyşyndan soň bir ýylda gymmatyny ýitirmek boýunça dünýä lideri boldy
Türkmen ÝuTube bloggeri Berdimuhamedowyň koma girendigini habar berýär, Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasy bu habary ýalana çykarýar