Dünýäde iň ýeňil noutbuk çykaryldy

Dünýäde iň ýeňil noutbuk çykaryldy

Fujitsu kompaniýasy dünýäde iň ýeňil, 13 dýumlyk noutbuk - Lifebook WU-X/G2 bilen tanyşdyrdy. Onuň agramy bary-ýogy 634 gram.

Kompýuter 13,3 dýumlyk Full HD (1920 x 1080 piksel) displeý bilen enjamlaşdyrylan.Täze noutbugyň binýadynda Intel Alder Lake apparat platformasy otyr.Oňa on ýadroly - iki önümçilikli we sekiz energoeffektiw Core i7-1255U prosessory gurnap bolýar.

Takt ýygylygy 4,7 GGs ýetýär. Çipsetinde Intel Iris Xe grafiki çaltlaşdyryjysy bar.Operatiw ýadynyň göwrümi 32 GB-a ýetýär.Maglumatlarynyň saklanyşyna göwrümi 256 GB-dan 2 TB-a çenli bolan gaty görnüşli ýygnaýjy jogap berýär.

Noutbugyň Bluetooth 5.1 we Wi-Fi 6 goldawy, SD-kart üçin slot we gorag tutujykly web-kamerasy bar.USB 3.2 Type-C-niň iki porty, USB 3.2 Type-A birleşdirijisi, tor kabeli üçin RJ45 birleşdiriji, HDMI interfeýsi we 3,5 mm-lik audiobirleşdirijisi bar.

Gurluş sygymy 25 Wts bolan batareýadan güýç alýar.Windows 11 operasion ulgamy gurnalan.Noutbugyň bahasy takmynan 1370 dollardan başlaýar.

Ýene degişli makalalar

Ýankompýuterlerini tanyşdyrdy
Dünýäniň iň uly milli seýilgähleri
Kreýg Bonduň keşbinde galar
“Altyn palma” dalaşgär filmler:
Tegmilli köl