560 müň agaç we gyrymsy agaç oturdyldy

Mongoliýanyň paýtagtynda şu güýzde Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh tarapyndan başy başlanan çölleşmäge garşy göreş boýunça “Milliard agaç” kampaniýasynyň çäginde jemi 559 müň 802 agaç we gyrymsy agaç oturdyldy.Bu barada Ulan-Batoryň daşky gurşaw departamenti habar berdi. “Ulan-Batoryň çäklerinde ýaş agaçlaryň düýp tutmaklyk derejesi 95 göterim töweregi diýlip, resmi beýanatda bellenilýär. 2030-njy ýyla çenli, azyndan, 1 milliard agaç ekmek boýunça tutuş ýurt boýunça kampaniýa 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda resmi taýdan başlandy. Şonda Mongoliýanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasyndan öz ýurdunyň howanyň üýtgemegine we çölleşmäge garşy göreşjekdigini mälim etdi. Şondan bäri Mongoliýada jemi 84 million agaç we gyrymsy agaç oturdyldy.

Daşky gurşawy goraýjylar, Mongoliýanyň howanyň üýtgemeginiň global täsirlerine garşy durmaga ejizdigini belleýärler.Mongoliýanyň geografik ýerleşişi sebäpli negatiw tebigy hadysalaryň gerimi we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tebigy betbagtçylyklaryň ýygylygy, şol sanda çölleşmek we sary tozan tupany ýylsaýyn artýar.

Mongoliýanyň Daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi ministrliginiň iň soňky maglumatlaryna görä, häzirki wagtda ýurduň çäginiň, takmynan, 77 göterimi çölleşmäge we ýerleriň zaýalanmagyna sezewar bolýar. /* custom css */ .td_uid_15_672ea838ac1e1_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_672ea838ac1e1_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Fuýu Türkçesi
Uhnaagiýn Hurelsuh Serdar Berdimuhamedowy Mongoliýa döwlet sapary bilen çagyrdy
Magtymgulynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň Jemleýji resminamasy BMG-niň resminamasy hökmünde çap edildi