Magtymgulynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň Jemleýji resminamasy BMG-niň resminamasy hökmünde çap edildi

Magtymgulynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň Jemleýji resminamasy BMG-niň resminamasy hökmünde çap edildi

2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady atly halkara forumynyň Jemleýji resminamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň resminamasy hökmünde BMG-niň alty resmi dilinde çap edildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, resminamanyň teksti bilen şu salgy boýunça tanyşyp bilersiňiz.

Halkara foruma gatnaşmak üçin Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Aşgabada geldiler.

Myhmanlaryň hatarynda Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy, ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň başlygy, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Hökümet agzalary, alymlar, medeniýet işgärleri, diplomatlar hem bar.

Umumy mejlisiň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Halkara forum öz işine başlady
Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy geçirildi
Dünýä Liderleri Aşgabada geldiler
Gurbanguly Berdimuhamedow halkara forumyna gatnaşýan ýokary derejeli wekiller bilen duşuşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti dünýä liderleri bilen Aşgabatda birnäçe duşuşyklary geçirdi
Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygy — XXI asyrda parahatçylygyň we ynanyşmagyň binýady