Dünýä Liderleri Aşgabada geldiler

Dünýä Liderleri Aşgabada geldiler

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralýan Halkara foruma gatnaşmak üçin ýurdumyza dünýäniň ençeme döwletinden ýokary derejeli wekiliýetler geldi.

Bu foruma gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçturýan, San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Karluş Manuel Wila-Nowa, Yrak Respublikasynyň Prezidenti Abdul Latif Raşid, Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahbaz Şarif, Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadow, Eswatini Patyşalygynyň Premýer-ministri Rassel Dlamini we Mýanma Bileleşigi Respublikasynyň Premýer-ministri Nýo So geldiler.

Şeýle hem halkara we sebit guramalaryň ýolbaşçylary hem Aşgabatda geçirilýän halkara foruma gatnaşýarlar. Mundan başga-da, dünýäniň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary Aşgabada geldiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygy — XXI asyrda parahatçylygyň we ynanyşmagyň binýady
Gruziýanyň we Azerbaýjanyň Premýer-ministrleri sapar bilen Aşgabada geldiler
Türkmenistanyň Prezidenti dünýä liderleri bilen Aşgabatda birnäçe duşuşyklary geçirdi
Günorta Kawkazdaky möhüm wakalar
Orta Aziýa Ýurtlarynyň Gruziýa Bilen Gatnaşyklary
Gruziýanyň jahankeşdelik pudagy girdejisini artdyrdy