Günorta Kawkazdaky möhüm wakalar

Günorta Kawkazdaky möhüm wakalar

Soňky hepdelerde Günorta Kawkazda möhüm wakalar başdan geçirildi. Geliň olara nobaty bilen ser salalyň.

2024-nji ýylyň 11-nji martynda Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew Azerbaýjana döwlet saparyny gurady.Prezident Tokaýew Bakuwda döwlet dabarasy bilen garşylandy.Iki ýurduň Prezidentleriniň gatnaşmagynda Azerbaýjan-Gazagystan Ýokary derejeli hökümetara Geňeşiň ilkinji maslahaty geçirildi.

Maslahatyň ahyrynda iki ýurduň arasynda 9 şertnama gol çekildi.Prezident Tokaýew şol gün Azerbaýjanyň Milli Mejlisine bardy we Mejlisiň Başlygy Sahiba Gafaraowa bilen duşuşdy. 12-nji martda Azerbaýjanyň we Gazagystanyň Prezidentleri Fuzuli şäherine baryp, Gazagystan tarapyndan gurlan Kurmangazy Çagalar döredijilik mekdebini açdylar.

Prezidentler soň Şuşa şäherine baryp, alynyp barylýan işler bilen tanyş boldular.

2024-nji ýylyň 14-16-njy marty aralygynda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň hemaýat bermeginde XI Global Bakuw Forumy geçirildi. Foruma 68 ýurtdan 400-den gowrak wekil gatnaşdy. Prezident Aliýew forumyň çäginde Albaniýanyň Prezidenti Baýram Begaý, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş sekretary Tedros Gebreýesus, Türki döwletleriň guramasynyň Aksakaly Binali Ýyldyrym bilen ikiçak duşuşyklar geçirdi.

25-nji martda Bakuwda Azerbaýjanyň Gruziýanyň we Türkiýäniň Daşary işler ministrleriniň 9-njy Üçtaraplaýyn maslahaty geçirildi. Maslahatda adybir üç ýurdy gyzyklandyrýan meseleler seljerildi. Maslahatyň ahyrynda Bakuw Jarnamasy kabul edildi.

Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobahidze 16-njy martda Azerbaýjana resmi sapar gurady. Kobahidze Bakuwda Prezident Ilham Aliýew, Premýer-ministri Ali Asadow bilen duşuşdy. Irakli Kobahidze üstümizdäki ýylyň 8-nji fewralynda Gruziýanyň premýer-ministrligine saýlanypdy.

17-nji martda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew NATO-nuň Baş sekretary Ýens Stoltenbergi kabul etdi. Duşuşykda energetika, Günorta Kawkazyň howpsuzlygy, sebitleýin parahatçylyk boýunça meseleler seljerildi. 18-nji martda Stoltenberg Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen duşuşdy.

22-nji martda Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa Şweýsariýa iş saparyny gurady. Gafarowa Ženewada 148-nji Parlamentara Bileleşik Assambleýasyna, Goşulyşmazlyk hereketiniň Parlament torunyň 3-nji maslahatyna we Aziýanyň Parlamentar Assambleýasynyň utgaşdyryjy maslahatyna gatnaşdy.

Günorta Kawkazy gyzyklandyrýan ähli duşuşyklarda Azerbaýjan-Ermenistan ýaraşyk şertnamasy gün-tertibiniň esasy maddasy bolup durýar. Soňky gezek 22-nji martda Azerbaýjanyň we Ermenistanyň Mejlisleriniň Başlyklary Ženewada duşuşdylar.

Wakalardan hem görülşi ýaly Bakuw sebitleýin we global syýasatyň esasy merkezlerinden birine öwrülmäge başlady. Güýz aýlarynda Bakuwda geçiriljek BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýa goşulan ýurtlaryň konferensiýasynyň 29-njy gurultaýy onuň aýdyň delili bolup durýar. Azerbaýjan-Ermensitan serhediniň kesgitlenmegi we iki ýurduň arasynda ýaraşyk şertnamasynyň kabul edilmegi diňe bir Günorta Kawkazyň däl, bütin Ýewraziýa sebitiniň ösüşine goşant goşar.

Ýene degişli makalalar

Aliýew Ermenistan Bilen Barlyşyga Iňňän Ýakyndyklaryny Aýtdy
Peskow NATO-nyň baş sekretary Stoltenbergiň Günorta Kawkaza guran sapary barada beýanat berdi
Erdogan, Stoltenberg we Kristersson Üçtaraplaýyn maslahat geçirýärler
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygyny Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyrdy
Aşgabatda Gruziýanyň täze Ilçisi işläp başlady
Türkmenistanyň daşary işler ministri Gruziýanyň täze bellenen ilçisi bilen duşuşdy