Gruziýanyň täze bellenen ilçisi bilen duşuşyk

30-njy sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gruziýanyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Konstantin Sabiaşwili bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda R.Meredow Gruziýanyň Ilçisini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de onuň geljekki diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi. Şu ýyl Türkmenistanyň we Gruziýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň şanly 30 ýyllygynyň hem bellenilýändigi nygtalyp geçildi.

Gepleşigiň dowamynda taraplar iki ýurduň arasynda gatnaşyklary berkitmegiň, şol sanda ikitaraplaýyn syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Garibaşwiliniň Aşgabada bolan saparynyň we 2022-nji ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen geçirilen duşuşygynyň ähmiýeti barada nygtaldy.

Duşuşygyň çäklerinde Ilçi Konstantin Sabiaşwili Türkmenistanyň Daşary işler ministrine özüniň ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy we Türkmenistandaky diplomatik işiniň çygrynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarynyň has hem giňeldilmegi we pugtalandyrylmagy üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny ynandyrdy.

Ýene degişli makalalar

Gruziýa jahankeşdeligi ösdürmäge bäş ýylda milliard lari goýbermekçi
Geçen hepde Türki döwletlerde möhüm saparlar guraldy we duşuşyklar geçirildi
Türki Döwletleriň Gün Tertibindäki Wakalar
Prezident Erdogan Gurziýanyň Premýer-ministrini Kabul Etdi
Türkmenistanyň parlament saýlawlarynyň senesi mälim edildi, Huawei Aşgabatda telefon torlaryny giňeldýär, 2023-nji ýylda Türkmenistanda birnäçe halkara talyp olimpiadalary geçiriler we beýleki habarlar
Gruziýa Bilen Ermenistanyň Arasynda Şahadatnama Bilen Syýahat Döwri Başlar