Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýewraziýa sebitinde ýerleşýän ýurtlar bilen edýän gatnaşyklary

Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýewraziýa sebitinde ýerleşýän ýurtlar bilen edýän gatnaşyklary

TSR-nyň Türkmen dilindäki goýberlişinde ýaýlyma berilýän Ýewraziýa syn atly gepleşigimiziň bu günki sanynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýewraziýa sebitinde ýerleşýän ýurtlar bilen edýän gatnaşyklary hakynda maglumat bermek isleýäris.

Soňky döwürde Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýewraziýa sebitinde ýerleşýän ýurtlar bilen edýän gatnaşyklary gün saýyn pugtalanýar. Guralýan iki taraply saparlar we Ýewraziýa ýurtlarynyň başdan geçirýän kynçylyklary meselesinde Birleşen Arap Emirlikleriniň alyp barýan tutumy ünsleri özüne çekýär. Geliň ilki soňky döwürde guralýan saparlara ser salalyň.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow oktýabr aýynyň 30-y bilen noýabr aýynyň 1-i aralygynda Birleşen Arap Emirliklerine iş saparyny gurady.Gyrgyz lideri Japarow 31-nji oktýabrda Birleşen Arap Emirlikleriniň Döwlet baştutany Muhammed bin Zaýed Al Nahaýan bilen duşuşdy.

Duşuşykda özara gatnaşyklar bilen sebitara meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.Gepleşiklerden soň iki ýurduň arasynda 8 şertnama baglaşyldy.Taraplaryň arasynda 1 milliard 200 million dollarlyk bilelikdäki firmanyň açylmagy meselesinde ylalaşyk gazanyldy.

Dubaý bilen Oş şäherleriniň arasyndaky uçar saparlary ýaňadandan başlady.

2022-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Garibaşwili hem Birleşen Arap Emirliklerine iş saparyny gurady.Gruziýanyň Premýer-ministri İrakli Garibaşwili şol gün Birleşen Arap Emirlikleriniň Döwlet baştutany Muhammed bin Zaýed Al Nahaýan bilen duşuşdy.

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklar bilen arabaglanşykly birnäçe mesele seljerildi.Taraplaryň arasynda erkin söwda şertnamasynyň baglaşylmagy üçin geçirilýän gepleşikler hem dowam edýär.

2022-nji ýylyň noýabr aýynyň 3-4-i aralygynda Russiýa Federassiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Abi Dabide Birleşen Arap Emirliklleriniň Daşary işler ministri Abdullah bin Zaýed Al Nahaýan bilen duşuşdy.

Iki kärdeş duşuşykda özara gatnaşyklar bilen Ukraina krizisiniň başda durmagynda birnäçe mesele hakynda pikir alyşdy.Birleşen Arap Emirlikleriniň Döwlet baştutany Muhammed bin Zaýed Al Nahaýan hem oktýabr aýynda Russiýada saparda bolupdy.

Türkmenistanyň Abu Dabidäki ilçihanasy Prezident Serdar Berdimuhamedowyň noýabr aýynda Birleşen Arap Emirliklerine sapar gurajakdygyny mälim etdi.

Umuman alnanda Arap ýurtlarynyň Ýewraziýa sebitinde ýerleşýän ýurtlar bilen edýän gatnaşyklarynyň pugtalanýandygyny aýtmak mümkin. Mysal üçin 2022-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Saud Arabystanynyň paýtagty Riýat şäherinde Aýlag Arap ýurtlarynyň hyzmatdaşlyk geňeşine agza döwletler bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň Y maslahaty geçirildi.

2022-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýew Alžir Halk Demokratik Respublikasynda saparda boldy we Arap ýurtlary bileleşiginiň XXXI maslahatyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Aýlag Arap ýurtlarynyň hyzmatdaşlyk geňeşiniň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň I Ykdysadyýet forumy hem 2023-nji ýylyň iýun aýynda Gazagystanda geçirler.

Arap ýurtlarynyň arasynda esasan Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýewraziýa ýurtlary bilen edýän gatnaşyklaryny ösdürmek üçin edýän tagallasy ünsleri özüne çekýär. 2022-nji ýylyň sentýabr aýynyň 16-da Özbegistanyň Samarkand şäherinde geçirlen Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň liderler maslahatynda Birleşen Arap Emirliklerine diýalog hyzmatdaşy statusy berlipdi.

Birleşen Arap Emirlikleri Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda ýesirleriň çalşylmagynda hem uly rol oýnady. Birleşen Arap Emirlikleri Ukraina krizisinde töwellaçy ýrut hökmünde görkezilýär. Jemläp aýdanymyzda Birleşen Arap Emirlikleri Ýewraziýa sebitinde ýerleşýän ýurtlar bilen ýakyndan gyzyklanýar.

Ýene degişli makalalar

TBMM-niň başlygy BAE-niň Döwlet baştutany bilen duşuşyk geçirdi
Türkmenistanyň Lideri Abu Dabi Şäherine Sapar Etdi
Jewdet Ýylmaz Bilen Mehmet Şimşek Birleşen Arap Emirliklerinde Saparda Bolýar
Jewdet Ýylmaz Bilen Mehmet Şimşek Birleşen Arap Emirliklerinde Saparda Boldy
Prezident Erdogan BAE-ne gitdi
Nahaýan Türkiýe Bilen Gatnaşyklaryň Geljegine Ynam Bildirdi