Jewdet Ýylmaz Bilen Mehmet Şimşek Birleşen Arap Emirliklerinde Saparda Boldy

Jewdet Ýylmaz Bilen Mehmet Şimşek Birleşen Arap Emirliklerinde Saparda Boldy

Prezidentiň orunbasary Jewdet Ýylmaz bilen Gazna we maliýe ministri Mehmet Şimşek, Prezident R. T. Erdoganyň Birleşen Arap Emirliklerine gurajak saparynyň öňüsyrasynda Abu Dabide saparda boldy

Ýylmaz bilen Şimşegi, Abu Dabiniň halkara howa menzilinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Adalat ministri Abdullah bin Sultan bin Awad Al Nuaimi we Türkiýäniň Abu Dabidäki ilçisi Tugaý Tunçer bilen birlikde beýleki ýolbaşçylar garşylady.

Prezidentiň orunbasary Jewdet Ýylmaz bilen Gazna we maliýe ministri Mehmet Şimşek iş sapayrnyň çäginde Birleşen Arap Emirlikleriniň döwlet Ýolbaşçysy Muhammed bin Zaýid Al Nahaýan bilen hem duşuşdy.

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga BAE-niň Prezidentiniň orunbasay Şyh Mansur bin Zaýed Al Nahaýan hem gatnaşdy.

Ýene degişli makalalar

Jewdet Ýylmaz: 1453-nji ýylyň 29-njy maýy öwrülişik nokadydyr
Prezident Erdogan Wenesuelanyň Prezidentiniň wekili Rodriges bilen duşuşdy
Fuýu Türkçesi
Sary Uýgur Türkçesi
Turkish Airlines innowasion üstünlikleri üçin abraýly Inovalig baýragynda ilkinji üçlüge girdi
Tywa Türkçesi
DKTR-nyň Gurlan Gününiň 41 Ýyllygy Ankarada Dabaraly Ýagdaýa Bellenilip Geçildi