DKTR-nyň Gurlan Gününiň 41 Ýyllygy Ankarada Dabaraly Ýagdaýa Bellenilip Geçildi

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Numan Kurtulmuş, Kipr adasynda iki jemgyýetli alternatiwden başga çykalganyň ýokdygyny aýtdy.

Numan Kurtulmuş, DKTR-nyň Ankaradaky ilçihanasy tarapyndan DKTR-nyň gurlan gününiň 41 ýyllygy mynasibetli berlen bankede gatnaşdy.

Numan Kurtulmuş banketde eden çykyşynda, DKTR-nyň 41 ýyl ozal yglan edilendigini, DKTR-nyň özüni bütindünýä subut edendigini nygtady.

Kurtulmuş, “41 ýylda uly kynçylyklaryň hötdesinden gelindi. Türkler 41 ýylda Ada-da asuda ýagdaýda ýaşamak isleýändigini görkezdi. Emma Ýewropa ýurtlarynyň başda durmagynda käbir töwerekler, DKTR-ny jezalandyrmagy, Kipr türklerini bu oňyn tutumlaryna garamazdan halkara derejesinde çetleşdirmegi saýlap aldy” diýdi.

Prezidentiň orunbasary Jewdet Ýylmaz hem “Enewatan we hemaýatkär ýurt hökmünde Türkiýe, DKTR-na we Kiprli doganlarymyza goldaw bermäge dowam eder” diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

DKTR-nyň Prezidenti Tatar Ankarada Saparda Bolýar
Türkiye Kipr türklerine garşy edilen “Ganly Roždestwo” gyrgynçylygyny hatyralap geçdi
Türkiýe DKTR bilen täze ykdysady hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşar
Wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz CONIFA-nyň çempiony DKTR-ny gutlady
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Türkiýäniň Wise-prezidenti, Söwda ministriniň orunbasary “Türkmentextile Expo 2026” sergisine gatnaşdylar