Türkiýe DKTR bilen täze ykdysady hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşar

Türkiýe DKTR bilen täze ykdysady hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşar

Wise-prezident Jewdet Ýylmaz, Türkiýäniň hemaýatkär ýurt hökmünde DKTR-na goldaw bermäge dowam etjekdigini aýtdy.

Penşenbe güni paýtagt Ankarada DKTR-nyň Premýer-ministri Ünal Üstel bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýannama beren Jewdet Ýylmaz, saparyň çäginde geçirlen gepleşikleri netijeli hökmünde häsiýetlendirdi.

Jewdet Ýylmaz Türkiýe bilen DKTR-nyň mart aýynda täze ykdysady hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşjakdygyny belledi.

Jewdet Ýylmaz “Biz DKTR-nyň eşretli durmuşda ýaşamagyny maksat edinýäris” diýdi.

Türkiýe bilen DKTR-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň “ýönekeý özara gatnaşyklar” bolmandygyny nygtan Ýylmaz, hemaýatkär döwlet hökmünde Türkiýäniň DKTR-na goldaw bermäge dowam etjekdigini nygtady.

Jewdet Ýylmaz Kipr meselesinde haýsydyr bir çözgüdiň adanyň hakykatlaryna laýyklykda deň hukuklyga esaslanmalydygyny belledi.

Ýylmaz “DKTR bilen Türkiýe Respublikasy utgaşykly ýagdaýda işleşmäge dowam eder. Sebitmizde oýnalýan oýunlara asla boýun egmez” diýdi.

DKTR-nyň Premýer-ministri Ünal Üstel hem Gresiýanyň Ysraýyl we Kipriň Grek bölegi bilen baglaşan hyzmatdaşlyk teswirnamasyna ünsi çekdi.

Kipr türkleriniň ýalňyz bolmandygyny nygtan Üstel, Türkiýe Respublikasynyň DKTR-nyň enewatany hökmünde özlerine goldaw berýändigini belledi.

Ýene degişli makalalar

Türkiye Kipr türklerine garşy edilen “Ganly Roždestwo” gyrgynçylygyny hatyralap geçdi
DKTR-nyň Premýer-ministri Türkiyede Saparda Bolýar
DKTR-nyň Gurlan Gününiň 41 Ýyllygy Ankarada Dabaraly Ýagdaýa Bellenilip Geçildi
DKTR-nyň Prezidenti Tatar Ankarada Saparda Bolýar
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Türkiyäniň ykdysadyýetiniň 3 ýyllyk ýol kartasy aýan edildi