Ýewraziýada geçen hepde başdan geçirlen möhüm wakalar

Geçen hepde Türki döwletleriň geljegi taýdan möhüm wakalar başdan geçirildi. Gazagystan bilen Özbegistan ýaranlyk ylalaşygyna gol çekişdi

2022-nji ýylyň dekabr aýynyň 21-22-i aralygynda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Özbegistana döwlet saparyny gurady. Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew kärdeşi Kasym-Žomart Tokaýewy howa menzilinde garşylady.

Geçirlen gepleşiklerden soň Özbegistan bilen Gazagystan ýaranlyk ylalaşygyna we Özbegistan-Gazagystan döwlet serhetleriniň kesgitlenilmegi hakyndaky ylalaşyga gol çekişdi.Iki ýurduň arasynda hökümetara we Parlamentara toparlaryň döredilmegi meselesinde karar kabul edildi.

Saparyň çäginde 21-nji dekabrda Özbegistan-Gazagystan sebitara işewürler maslahaty geçirildi.

Gündogarda Özbegistan bilen Gazagystan, Günbatarda Azerbaýjan bilen Türkiýe ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Özara hyzmatdaşlyklar Türki döwletleriň guramasynyň umuman alnanda türki döwletleriň güýçlenmegine uly goşant goşar.

2022-nji ýylyň 20-njy dekabrynda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Türki döwletleriň guramasynyň Baş sekretary Kubaniçbek Ömüralýewi kabul etdi. Kabul edilşikde guramanyň durmuşa geçirýän işleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türki döwletleriň guramasynyň 10-njy sammiti 2023-nji ýylda Gazagystanda geçirler.

Türkiýäniň we Gyrgyz Respublikasynyň prezidentleri 18-nji dekabrda FIFA Dünýä kubogynyň final bäsleşigine gatnaşmak üçin Katara gitdi we iki lider Dohada duşuşdy. Duşuşykda özara gatnaşyklar bilen arabaglanşykly ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türki döwletleriň güýçlenmegi käbir ýurtlary aladalandyrýar. Kreml, geçen ýyl Tatarystanynyň ýolbaşçysynyň “prezident” çinini ulanmagyny gadagan edipdi. Tatarystanyň Mejlisi “prezidentiň” ýerine diňe rus dilinde “glawa”(baştutan) çininiň ulanylmagyny ret edipdi we “Baştutan-Reis” çininiň ulanylmagyny teklip etdi. Reis arap ýurtlarynda ýurduň baştutany üçin ulanylýar.

Saud Arabystany bilen Ýewraziýa ýurtlarynyň edýän gatnaşyklary geçen hepde ünsleri özüne çekdi.

2022-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Azerbaýjan-Saud Arabystany hökümetara hyzmatdaşlyk komissiýasynyň egindeş baştutany, Saud Arabystanynyň Maýa goýum ministri Halid bin Abdulaziz Al Falihiň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýeti kabul etdi. Kabul edilşikde özara gatnaşyklar bilen arabaglanşykly ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.

2022-njy ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow paýtagt Aşgabada gulluk iş saparyny guran Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Ferhany kabul etdi.Kabul edilşikde özara gatnaşyklar giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.

Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Ferhan türkmen kärdeşi Raşid Meredow bilen hem duşuşdy.Iki kärdeş duşuşykdan soň Saud Arabystanynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

2022-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Garibaşwili, Saud Arabystanynda saparda boldy. Premýer-ministr Garibaşwili paýtagt Riýatda Mirasdar Şazada Muhammed bin Salman bilen duşuşdy. Duşuşykda iki ýurduň arasynda ykdysadyýet, syýahatçylyk, ulaglar we maýa goýum ugurlary boýunça edilýän gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Geçen hepde Türki dilli döwletler taýdan netijeli geçdi. Gazagystan bilen Özbegistan taryhy ýaranlyk ylalaşygyna gol çekişdi.

Ýene degişli makalalar

H.Geldimyradow: Türkmenistan soňky ýyllarda SPEKA girýän ýurtlar bilen söwda hyzmatdaşlygyny güýçlendirdi
Wise-premýer H.Geldimyradow SPEKA-nyň sammitine gatnaşdy
H.Geldimyradow: Türkmenistanyň soňky ýyllarda SEPKA girýän ýurtlar bilen söwda hyzmatdaşlygyny güýçlendirdi
Gruziýadaky ýer süýşgüninde ýogalan adamlaryň sany artdy
Türki Döwletleriň Gün Tertibindäki Wakalar
Geçen hepde Türki döwletlerde möhüm saparlar guraldy we duşuşyklar geçirildi