Türkmenistanyň daşary işler ministri Gruziýanyň täze bellenen ilçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Gruziýanyň täze bellenen ilçisi bilen duşuşdy

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Gruziýanyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Konstantin Sabiaşwili bilen duşuşdy.Duşuşygyň başynda R.Meredow Gruziýanyň ilçisini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de onuň geljekki diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi. Şu ýyl Türkmenistanyň we Gruziýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň şanly 30 ýyllygynyň hem bellenilýändigi nygtalyp geçildi.

Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berildi.Gepleşigiň dowamynda taraplar iki ýurduň arasynda gatnaşyklary berkitmegiň, şol sanda ikitaraplaýyn syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Garibaşwiliniň Aşgabada bolan saparynyň we 2022-nji ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen geçirilen duşuşygynyň ähmiýeti barada nygtaldy.

Duşuşygyň çäklerinde ilçi Konstantin Sabiaşwili Türkmenistanyň daşary işler ministrine özüniň ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy we Türkmenistandaky diplomatik işiniň çygrynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarynyň has hem giňeldilmegi we pugtalandyrylmagy üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny ynandyrdy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Gruziýanyň täze Ilçisi işläp başlady
Gruziýanyň täze bellenen ilçisi bilen duşuşyk
Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Gruziýada Saparda Bolýar
Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýewraziýa sebitinde ýerleşýän ýurtlar bilen edýän gatnaşyklary
Azerbaýjanyň elektrik energiýasyny Ýewropa daşajak täze geçiriji gurlar
Ýewraziýada geçen hepde başdan geçirlen möhüm wakalar