5G ulgamly ilkinji awtoulag

BYD awtoulag konserni “Huawei” kompaniýasy bilen bilelikde enjamlaşdyrylan “HiCar” ulgamy bilen “BYD Han” kysymly elektrik ulagynyň täze görnüşi görkezildi. “HiCar” ulgamy “Huawei” kompaniýasy tarapyndan işlenip düzüldi.

“HiCar” ulgamynyň kömegi bilen mobil goşundysy arkaly awtoulagyň eýesi smartfon arkaly awtoulag bilen aragatnaşyk saklap biler. Mysal üçin, sürüji gapylary gulplap we açyp biler, süpürgiçleri dolandyryp biler, möhüm parametrleri hakyky wagtda barlap biler.

“BYD Han” kysymly elektrik awtoulagy bäşinji nesil ykjam aragatnaşyk ulgamyna birikmäge mümkinçilik berýän 5G ulgamy bilen hem enjamlaşdyryldy. Bu “Huawei” kompaniýasynyň 5G ulgamly çözgüdiniň awtoulagda ilkinji gezek ulanylmagy bilen baglanyşyklydyr. Ulagyň beýleki tehniki aýratynlyklary barada maglumat berilmedi.

Köp sanly belli awtoulag öndürijileriniň “5G HiCar” ulgamyny öz awtoulaglarynda ornaşdyrmak isleýändigi mälim edilýär. “Audi”, “BYD”, “GAC” we “BAIC” ýaly markalaryň takmynan 120 modeliniň bu ulgam bilen enjamlaşdyrylmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Pariž awtoulag sergisi başlady
Bazarlaryň üýtgemegi Germaniýanyň awtoulag öndürijilerini gysýar
Ýewropada öňdeligi eýeleýär
90-njy awtoulag sergisi
Merkezi Aziýa Ukrainada uruş tamamlanandan soň: Hytaý sebitden Russiýany gysyp çykararmy?
Türkmenistan halkara forumlarda energetika hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar
Elektroulagyň täze nusgasy