“6 Ýylda 17 Müň Terrorçyny Täsirsiz Ýagdaýa Getirdik”

“6 Ýylda 17 Müň Terrorçyny Täsirsiz Ýagdaýa Getirdik”

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu, Türkiýäniň kanunlara laýyklykda Siriýada alyp barýan operasiýalarynda 6 ýylda 17 müň terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirendigini aýtdy.

Çawuşogly, Kommunikasiýalar edarasy tarapyndan geçirilýän Stambul howpsuzlyk forumynyň açylyş dabarasyna wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy.

Forumda çykyş eden Çawuşoglu, terrorizmiň NATO abanýan iki howpdan biridigini we gurama agza ýurtlaryň terrora garşy birlikde göreşmelidigini ýatlatdy.

Çawuşoglu; “Türkiýe, terrora garşy içgin göreş alyp barýan ýurtlardan biri.BMG şertnamasynyň 51-nji maddasyna laýyklykda Siriýada alyp barýan operasiýalarymyzda 6 ýylda 17 müň terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdik.

Soňky gezek DAEŞ-iň ýolbaşysydygy aýdylýan 1 terrorçy Siriýada alnyp barylan operasiýada täsirsiz ýagdaýa getirildi.Türkiýe hökmünde FETÖ-den DAEŞ-e, PKK/ÝPG/PÝD-den Boko Harama çenli ähli terror guramalaryna garşy göreşmäge dowam ederis” diýdi.

Ministr Çawuşoglu, NATO-nyň, Sowuk söweş döwründe we ondan soň bolşy ýaly häzirki wagtda hem ýeke-täk aktýor bolmaga dowam edýändigine ünsi çekdi.

Türkiýäniň NATO-nyň güýjüne güýç goşýandygyna ünsi çeken Çawuşoglu, Türkiýäniň howpsuzlyk meselesinde başdan geçirýän kynçylyklarynyň hem NATO-nyň kynçylygy hökmünde kabul edilmelidigini belledi.

NATO agza ýurtlara çagyryş beren Mewlüt Çawuşoglu, “Terrora garşy göreşde ýeke-täk we hakyky hyzmatdaşyňyz Türkiýe, türk döwleti we howpsuzlyk güýçleridir” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Çawuşogly Germaniýada žurnalistleriň göz tussaglygyna alynmagy barada beýannama berdi
Çawuşogly: "Eden-etdiliklere ýol bermeris" diýdi
Nigeriýada 10 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Çawuşogly "Asyrlaryň diplomatik tejribesi" atly simpoziumda çykyş etdi
Mewlüt Çawuşogly Şwesiýanyň NATO agzalygy barada beýanat berdi
Çawuşogly rus kärdeşi Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy