Mewlüt Çawuşogly Antalýanyň Kepez etrabynda halka ýüzlenip çykyş etdi

Mewlüt Çawuşogly Antalýanyň Kepez etrabynda halka ýüzlenip çykyş etdi

Türkiyäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Antalýanyň Kepez etrabynda halka ýüzlenip çykyş etdi.

Türkiyäniň şu günki gün giň geografiýada global bir aktýordygyny aýdan Mewlüt Çawuşogly, ýurduň söweşleriň, çaknyşyklaryň başdan geçirilýän sebitde Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde durnukly ýagdaýda ýoluny dowam etdirýändigini beýan etdi.

"Dünýä 5-den uludyr diýip, täze bir düzgüniň gurulmagy üçin iş alyp barýarys" diýip aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Sebäbi ol düzgün ýeterlik derejede däldir, şol düzgün dünýäniň umytlarynyň, kynçylyklarynyň çözgüdi däldir, meseleleri çözüp bilmeýär, krizisleriň hötdesinden gelip bilmeýär, adamlaryň tamalaryny kanagatlandyryp bilmeýär" diýip belledi.

Dünýäniň dört künjeginde şöhratly türk baýdagynyň bardygyny aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Terrora dünýäni dar eden Türkiye, söweşlerde we çaknyşyklarda parahatçylyk üçin araçylyk edýän hem Türkiyedir. Beýik Türk Dünýäsini, Türki Döwletleriň Guramasynyň astynda birleşdiren hem Türkiyedir. Kowumdaşyna dünýäniň niresinde bolsa bolsun, eýe çykýan hem Türkiyedir" diýip nygtady.

Türkiyäniň dünýäde asudalygyň, parahatçylygyň bolmagy üçin araçylyk mysalyny görkezýändigini aýdan Mewlüt Çawuşogly, Russiýanyň paýtagty Moskwada Russiýanyň, Eýranyň, Siriýanyň we Türkiyäniň daşary işler ministrleriniň bir ýere jemlenip, Siriýadaky meseläniň hötdesinden gelinmegi, siriýalylaryň howpsuz sebitlere gaýdyp barmaklary üçin göreş alyp barýandyklaryny ýatlatdy.

Siriýadaky terroryň saplanmagy we Türkiyedäki siriýalylaryň öz ýurtlaryna howpsuz we adamkärçilikli ýagdaýda ugradylmalydygyny, Türkiyäniň hem şony edýändigini aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Hawa siriýalylary öz ýurtlaryna ugradalyň, emma adamkärçilikli ýagdaýda ugradalyň. Türklere gelişýän bir hereket bilen ugradalyň" diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Russiýanyň Daşary işler ministrini kabul etdi
Türkiýe Enegetika Boýunça Global Güýje Öwrüldi
Çawuşogly: "Eden-etdiliklere ýol bermeris" diýdi
Çawuşogly: "Energiýa üpjünçiliginde Ýewropanyň möhüm aktory ýagdaýyna geldik" diýdi
Mewlüt Çawuşogly Şwesiýanyň NATO agzalygy barada beýanat berdi
Türkmenistan Türkiýäniň TOGG elektrik awtoulagyna isleg bildirdi
1490 Adamy Sudandan Çykardyk